milli goshun logo
Harby deňizçileriň hünär ussatlygy ýokarlanýar
Harby deňizçileriň hünär ussatlygy ýokarlanýar
29.05.2024 1155 Harby özgertmeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe harby deňizçiler Harby-deňiz güýçleriniň hatarynda gulluk edip, Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine esaslanýan Harby doktrinada kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrýarlar. Olar Watanymyzy goramak boýunça öz borçlaryny ähli zatdan ileri tutup, deňiz serhetlerinde ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň polat galkany, synmaz daýanjy bolýarlar.

Harby okuw-meýdan türgenleşiginde söweşjeň gämiler garşydaşyň suwasty hem-de suwüsti söweşjeň gämilerini, guryýer we howa nyşanlaryny hatardan çykaryp, ençeme söweşjeň wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirdiler. Söweşjeň gämiler şol bir wagtyň özünde garşydaşyň gämi toparlaryny ýüze çykarmak, öz güýçlerimizi penalamak, toplumlaýyn aňtaw işlerini alyp barmak, suwüsti we suwasty giňişlige gözegçilik etmek ýaly wezipeleri hem netijeli alyp bardylar. Şunuň ýaly häzirki zaman harby gämileriň kömegi bilen deňizçiler harby gullugy birkemsiz berjaý edýärler hem-de Türkmenistanyň deňiz serhetleriniň goragynda sak durýarlar.