milli goshun logo
«Türkmen edermen» söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirdi
«Türkmen edermen» söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirdi
29.05.2024 1054 Harby özgertmeler

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary harby okuw-meýdan türgenleşiginde ýokary söweşjeň ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler. Harby gullukçylaryň bilelikdäki hereketleri olaryň öz öňlerinde goýlan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur tagallalary edýändiklerine şaýatlyk etdi. Olar türgenleşigiň dowamynda döwrebap sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylan döwrebap tehnikalary, häzirki zaman ýaraglary ulanyp, kämil ukyp-başarnyklary esasynda söweşjeň emelleri üstünlikli amala aşyrdylar. Olar ýerine ýetiren ýörite taktiki hereketleriniň üsti bilen söweş tehnikalary ele almak, ýerden we howadan sazlaşykly hereketleri gurnamak boýunça wajyp harby başarnyklary özleşdirdiler.