milli goshun logo
Uçurymlar,  ýollaryňyz ak bolsun!
Uçurymlar, ýollaryňyz ak bolsun!
25.05.2024 353 Harby Bilim

Şu gün – 25-nji maýda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Aşgabat şäheriniň güni hem-de «Soňky jaň» dabarasy belentden dabaralanýar.

Baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde hem 11-nji synp harby okuwçylarynyň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy ruhubelentlige, watançylyga beslendi. Bu baýramda soňky jaňyň kakylmagy bilen ýaş watançylaryň ençemesi özleriniň arzyly arzuwlaryna tarap ganat ýaýdylar. Bu olaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde şeýle ýaş watançylarynyň döwrebap mekdeplerde okap bilim almaklary, dünýägaraýyşlaryny kämilleşdirip, ata Watanymyzyň hakyky goragçylary bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Ine, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdepleri munuň hakykat ýüzündäki ykrarnamasy. Bu harby bilim ojaklary edermen şahsyýetlerimiziň – Watanyň wepaly ogly Berdimuhamet Annaýewiň, Alp Arslanyň, Soltan Sanjaryň adyny buýsanç bilen göterýär. Şeýle harby mekdeplerde okap bilim alan harby okuwçylar bu gün orta mekdebi üstünlikli tamamladylar.

Ine, şeýle ýaş watançylygyň başlangyç ýollaryny şowlulyga, yhlasa ýugran harby mekdebiň harby okuwçylary bu gün arzyly arzuwlaryna has golaýlaýarlar. Olar orta mekdebi üstünlikli tamamlap, geljegiň ak günlerine sary ynamly uçýarlar. Çünki olar bu gün ak arzuwlaryny beýik Watanyň mukaddes goragyna baglan uçurymlar!

«Soňky jaň» dabarasynda düşürilen täsirli pursatlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!