milli goshun logo
Uçarmansyz uçuş enjamlarynyň çäksiz mümkinçilikleri
Uçarmansyz uçuş enjamlarynyň çäksiz mümkinçilikleri
29.05.2024 343 Harby özgertmeler

Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça ýola goýan başlangyçlary hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Harby okuw-meýdan türgenleşiginde häzirki zaman sanly ulgam arkaly dolandyrylýan uçarmansyz uçuş enjamlaryna aýratyn orun degişli boldy. Olar sanly ulgam arkaly uzak aralyga hereket edip, howadan aňtaw alyp bardylar hem-de garşydaş nyşanlara takyk urgulary amala aşyryp, öňde goýlan söweşjeň wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirdiler.