Watan – çagalygym, Watan – hoşlugym, Watan – meniň şu günüm hem ertirim,
Watan gursagyma asuda agşam, göwün rahatlygym säheriň-iriň.
Ilkinji ädimim sende başlady, gözlermiň ilkinji göreni sensiň,
Mukaddesdir ene toprak, bu Watan, edýän başyma Tug namysym-arym.
Watan başlanýandyr ilkinji demden, soňky güne ýetilýänçä ädimler,
Atamyz Watandyr, enemiz – toprak, eziz görüň, bu Watany adamlar!
Çölleri bar, tebigaty gözellik, derýalary tolkun atar möwçli,
Watan üçin söýgi bolan ýürege, girmesin alada, düşmesin gamlar.
Watan bizi ene ýaly hüwdülär, saklaýar apalap gül gujagynda,
Allah rähmet etsin, bereket bersin, watandaş ilimiň öý-ojagynda.
Nirede gezsem-de, bolaýsam uzak, küýseýän Watanymyň tamdyr çöregin,
Ata Watan, ene topragym sensiň, hossarym geçmişde hem geljegimde.
Watanymyň pasyllaryn çalyşman, çalyşmaryn rahatlygyn hiç zada,
Her kim asuda goýnuňda dynç alýar, özge ülkelerden gelse-de ýadap.
Mert-merdana hoş gylyk sen, türkmenim, eliň ýüregňe goý, et kasam-wada,
Mertebäm deý saklap gözel Watany, bolaryn watançy hem beýik adam.
Amangylyç Taganow.