Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag
şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, daşary ýurt dillerini
çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilen döwrebaplaşdyrylýan mekdebiň, çagalar
bagynyň we sport toplumynyň gurluşyk hem-de içki bezeg işleriniň şekil
taslamalary bilen tanyşdy.
Arkadag şäheriniň keşbinde häzirki zamanyň ösen
tejribesi hem-de binagärligiň milli ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Şäheriň
gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler batly depginde dowam
edýär. Bu ýerde dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleri sazlaşykly alnyp
barylýar. Bu bolsa kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini
görkezýär. Ikinji tapgyrda gurulmagy meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary we
binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary taýýarlanylanda, gurluşyk işlerinde
ulanylýan serişdeleriň berklik hem-de amatlylyk talaplaryna laýyk gelmegine
möhüm ähmiýet berilýär.
...Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşygy
dowam edýän we «Arkadagyň ruhy metjidi»
adyna eýe bolan nurana metjidiň ýanyna geldi. Bu ýerde hajy Arkadagymyz mähirli
garşylanyldy.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk
işlerini synlady. Metjidiň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň, onda ulanylýan
bezeg hem-de gurluşyk serişdeleriniň berklik, amatlylyk babatda ýokary hil
derejesine laýyk gelmelidigini belläp, Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň her
bir tapgyrynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynda döwrebaplaşdyrylmagy we gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki
zaman desgalarynyň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary
bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bu ýerde görkezilýän taslamalaryň
üsti bilen şäherde alnyp barylýan gurluşyk işleri, gurluşykda ulanylýan
serişdeleriň görnüşleri, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada
giňişleýin maglumat berdi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň
çäginde döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän mekdebiň, gurulmagy teklip
edilýän çagalar bagynyň, sport toplumynyň şekil taslamalary, gurluşykda
ulanylýan bezeg serişdeleriniň görnüşleri, durmuş maksatly binalaryň içki we
daşky bezeg işleriniň görnüşleri bar.
Hormatly Arkadagymyz şekil taslamalaryny, olaryň
gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe
belliklerini aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Türkmen halkynyň Milli
Lideri binalaryň içiniň we daşynyň bezeg işlerine, şol bir wagtyň özünde, durmuş
maksatly desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna
möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, öz maslahatlaryny berdi. Aýratyn-da, bu
ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar bagynyň oglanlar we gyzjagazlar üçin
niýetlenen otaglarynda degişli bezeg işleriniň amala aşyrylmalydygyny aýdyp,
Milli Liderimiz otaglaryň aýratynlygy nazara alnyp, olarda ýurdumyzyň ösümlik,
haýwanat dünýäsine degişli şekilleriň ýerleşdirilmelidigini belledi. Munuň özi
ýaş nesilleriň aň taýdan sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginde, çagalarda gözel
tebigatymyza söýgini ösdürmekde ähmiýetlidir.
Gahryman Arkadagymyz täze şäherde gurulýan mekdepde
okadyljak dersleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini nygtap,
mekdepde berilýän bilimiň halkymyzyň milli edep ýörelgeleri bilen utgaşykly
alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýaşlarda edeplilik, zähmetsöýerlik,
watançylyk häsiýetleriniň uly orun eýelemeginde ähmiýetli ugur hasaplanýar.
Halk Maslahatynyň Başlygy halkara giňişlikde sagdynlygyň we ruhubelentligiň
ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň
berkidilmeginde möhüm orun eýeleýän sport toplumlarynyň gurluşygyna hem-de
olaryň enjamlaşdyrylyşyna häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda
çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda ýaşlaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyny, olaryň ösen
tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryny esasy ugur edinýän döwlet
syýasatynyň durmuşa geçirilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde
düýpli döwrebaplaşdyrylýan bilim ojaklarynda, çagalar baglarynda ýaşlaryň sport
bilen meşgullanmaklaryny üpjün edýän mümkinçilikleriň döredilmelidigini aýtdy.
Watanymyzyň ýaşlar syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi, kämil
şahsyýet hökmünde kemala gelmegi ugrunda has amatly şertleri döretmäge,
jemgyýetiň we döwletiň bähbidine olaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy kuwwatyny
doly derejede amala aşyrmak üçin mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilendir.
Şol bir wagtyň özünde, ýaşlaryň täzeçil usullary, sanly tehnologiýalary işjeň
özleşdirmeklerine giň ýol açylmalydyr. Ýaş raýatlaryň hukuk, durmuş taýdan
goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus ruhy-ahlak, medeni
gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda
watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň
başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek Türkmenistanyň ýaşlar
strategiýasynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ugurda Milli Liderimiziň
başyny başlan işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam
etdirilip, täze wezipeler kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap
çagalar baglary we mekdepler gurulýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi
ýaly, ýaşlar Watanyň daýanjydyr.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag
şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag
şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda
şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, öňde boljak şanly
seneleri ýokary derejede dabaralandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
D.Orazow, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň Koreýa
Respublikasyna döwlet saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Şeýle hem ol
Koreýa Respublikasynda geçirilýän Halkara ykdysady forumda Arkadag şäheriniň
lukmançylyk klasteriniň önümçilik binalarynyň mümkinçiliklerini görkezmäge
döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
D.Orazow häzirki wagtda Arkadag şäherinde alnyp
barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, gurluşyk işlerini ýokary hil
derejesinde alyp barmak, desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegini
üpjün etmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýlandygy barada
giňişleýin maglumat berdi.
Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işlerinde milli
binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň
utgaşdyrylmalydygyny aýdyp, durmuş maksatly binalaryň enjamlaşdyrylyşyna döwrüň
talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyklykda çemeleşilmelidigini
nygtady. Aýratyn-da, desgalaryň bezeg işlerinde, olaryň ýanaşyk ýerlerini
abadanlaşdyrmakda degişli ugurlar boýunça bilim alýan talyplaryň we ýaş
mugallymlaryň pikirleri öwrenilmelidir. Arkadag şäheriniň durmuş, önümçilik
maksatly binalar toplumynyň gurluşyklarynyň kesgitlenen möhletlerde
tamamlanmagy we ähli desgalaryň ýokary hil derejesinde ulanmaga berilmegi möhüm
wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman
Arkadagymyz özüniň köpýyllyk tejribesine esaslanýan maslahatlaryny berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bu ýerde öňde
boljak şanly seneleri ýokary derejede dabaralandyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan
taýýarlyk işleri barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli birnäçe maşgalalary täze şäheriň
çäklerinde bina edilen ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiz milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän şanly Garaşsyzlygymyzyň
35 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralarda zähmetsöýer halkymyzyň belent
ruhunyň, bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň öz beýanyny tapmalydygyny
belledi we baýramçylyk dabaralarynyň taryhy ähmiýetli wakalar bilen
beslenmegini üpjün etmek babatda öz maslahatlaryny berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda
sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, halkymyzyň saglygyny goramak
wezipelerine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunda hereket edýän köpugurly
sport toplumlarynyň, stadionlaryň talabalaýyk saklanmagyna, olaryň netijeli
peýdalanylmagyna möhüm orun degişlidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip,
Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde «Arkadag»
futbol toparynyň halkara sport giňişliginde uly üstünlikleri gazanýandygyny
belledi. Milli Liderimiz ýöne toparyň türgenleşik geçýän we halkara derejeli
bäsleşikleri guraýan stadionynyň häzirki ýagdaýynyň talabalaýyk däldigini
aýdyp, onuň derejesine nägilelik bildirdi. Munuň özi Arkadag şäheriniň
Bedenterbiýe we sport müdirliginiň, «Arkadag»
stadionynyň ýolbaşçysynyň, galyberse-de, Arkadag şäher häkimliginiň sazlaşykly
işiniň ýola goýulmaýandygynyň netijesidir. Gahryman Arkadagymyz stadiona ýokary
derejede ideg edilmese, degişli ýolbaşçylara berk çäre görüljekdigini ýatlatdy.
Milli Liderimiz ähli meýilleşdirilen çäreleriň we
kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli
çemeleşilmelidigini belläp, iş maslahatyny jemledi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerden «Arkadagyň ruhy metjidi»
diýlip atlandyrylýan metjidiň gurluşygynyň batly depginde dowam edýän ýerine
geldi. Bu ýerde Milli Liderimizi Arkadagyň ruhy metjidiniň baş ymamy
Ý.Hojagulyýew mähirli garşylady.
Bu ýerde hajy Arkadagymyzyň garamagyna Arkadag
şäheriniň 30 müň adama niýetlenen metjidiniň ýanynda gurulýan medresäniň okuw
otaglaryna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna, bu ýerde bilim aljak ýaşlaryň öwrediljek
dersleri doly derejede özleşdirmekleri üçin dörediljek şertlere degişli şekil
taslamalary görkezildi. Täze metjidiň baş ymamy gurulýan medresäniň amatlyklary
we onuň enjamlaşdyrylyşy barada döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hajy
Arkadagymyza hem-de Arkadagly hajy Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy we
bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň
görnüşleri barada giňişleýin maglumat berdi. Ymam sözüniň dowamynda dünýäniň
dürli ýurtlarynda bolup, medresäniň gurluşygy, onuň otaglarynyň
enjamlaşdyrylyşy babatda häzirki zaman tejribesiniň özleşdirilendigini nygtady
we bu işleri öwrenmek babatda döredilen şertler üçin hoşallygyny beýan etdi.
Milli Liderimiz görkezilýän şekil taslamalary bilen
içgin tanşyp, medresäniň otaglaryny enjamlaşdyrmak, talyplaryň dersleri
özleşdirmekleri üçin zerur şertleri üpjün etmek babatda dünýäniň ösen
tejribesiniň we ugurdaş düzümleriň işiniň ýokary derejede öwrenilmelidigine
ünsi çekdi. Munuň özi bu ýerde alnyp barylýan işleriň yslam dünýäsinde ykrar
edilen kadalara laýyk gelmeginde ähmiýetlidir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag
şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow medresäniň
binalar toplumynda talyplaryň bilimleri ýokary derejede özleşdirmekleri, olaryň
oňaýly dynç almagy, ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri döretmegiň göz öňünde
tutulýandygyny habar berdi. Hajy Arkadagymyz bina edilýän medresäniň ýokary okuw
mekdebiniň derejesine laýyk gelýändigini aýtdy we dünýäniň dürli ýurtlarynda
şunuň ýaly ýokary okuw mekdepleriniň hereket edýändigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, Milli Liderimiz Arkadag şäherinde gurulýan bu binanyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, onda öwrediljek sapaklary özleşdirmekde
dünýä tejribesinden ugur almak babatda maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz bu ugurdaky işleri has-da
kämilleşdirmek, ony halkara görkezijilere laýyk derejede alyp barmak ugrunda
degişli düzümler bilen sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri kesgitlenen wezipeleri
abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden
ugrady.