Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we
senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadany kabul etdi.
Kenji Ýamada duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de
bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýada Türkmenistan
bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi
hem-de pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň,
Premýer-ministri Sanae Takaitiniň hormatly Prezidentimize we Gahryman
Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de ol hormatly
Prezidentimiziň «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa»
dialogynyň birinji sammitine, Osaka şäherinde geçirilen «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmak
üçin Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini belledi. Myhman Bütindünýä
sergisinde ilkinji bolup Türkmenistanyň Milli gününiň geçirilmeginiň sergide
ýurdumyza uly gyzyklanma döredendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin
minnetdarlyk bildirip, Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan
etdi hem-de Kenji Ýamadanyň şu saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň
netijeleriniň türkmen-ýapon ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşant
goşjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan
bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklar birek-birege
hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli
ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýe bolup,
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, soňky
ýyllarda ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň bu ugurdaky
hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berýändigini nygtady. Bu
gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde,
ýagny «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde hem üstünlikli
ösdürilýär.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon
gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ol ýokary tehnologiýalar, maýa
goýumlar ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga, umumy strategik maksatlara esaslanyp, iki
ýurduň milli bähbitlerine laýyklykda çalt depginde ösdürilýär. Ýurdumyzda ulag,
gazhimiýa, agrosenagat ulgamlarynda iri taslamalary durmuşa geçirmekde
Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň baý
tejribesi toplandy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Ýaponiýanyň
innowasion tehnologiýalarda hem-de döwrebap inženerçilik ugurlarynda toplan baý
tejribesine ýokary baha berilýändigini, ykdysadyýet, söwda we senagat ugurlary
boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma
bildirilýändigini aýdyp, özara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleriň
bardygyna ünsi çekdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hem-de Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet
ministri Kenji Ýamada däp bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň hem-de
netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan
beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny
beýan etdiler.