milli goshun logo
Watan waspy / Güýçgeldi Gylyjow
Watan waspy / Güýçgeldi Gylyjow
22.01.2020 1116 Bäsleşik

Tükenmez taryhy, öçmejek ody,

Üzülmez ülkämiň nesil daragty.

Rysgallydyr, tebigaty, topragy, ýurdy,

Kalbymda öçmejek türkmeniň ody.

Mert ýigitler, goraýarlar Watany,

Edermendir türkmenleriň goşuny.

Nesiller yzarlar türkmeniň gany,

Ilimiň Serdary Arkadag ogly.

Senasy ýaňlanar belentde gaty,

Taryha ýazyldy türkmeniň ady.

Asuda-parahat türkmeniň ýurdy,

Nagma ýazdym şanyňa, Türkmenistan!

Bitaraplyk rowan saňa, Watanym,

Ilki gurban saňa jan bilen tenim.

Türkmenistan – ata Watanym meniň,

Asudalyk mekany, Türkmenistanym!

Maksada okgunly eziz halkym bar,

Edermen esgerler, goşunymyz bar.

Kalbyny ömrüni goýdy Watana,

Arkadagyň yhlasy bar, şany bar.

Güýçgeldi Gylyjow,

esger.