Harby gullugynda ilkinji günlem,
Ýadyňdan çykmajak buýsançly pursat.
Hem watan goragy hem-de buýsanjym,
Şeyle täsin duýgulanýar bu gursak.
Begenýärin Watan ogly bolanma,
Arslan dek haýbatly goragda dursak,
Watan üçin janym orta goýanma,
Batyrlanýar, algyrlanýar bu gursak.
Birje ösümligi, eziz topragy,
Jandan eziz görüp, mert gorasak.
Daglary, baglardan tänen ýapragy,
Yhlas bilen gora diýýär bu gursak.
Bir demlik howasy, ymgyr çöllerde,
Boz jeren dek aýak üstünde bolsak.
Gaýyp ýörsek salgym deýin ýellerde,
Watan üçin öwser durar bu gursak.
Türkmen esgeri biz synmaz güýjümiz,
Arkadagym, Watan üçin bu gursak.
Watan gerçegi biz batyr durkumyz,
Arkadagym, Watan üçin bu gursak.
Şiraly Annagurbanow,
Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň ýaşaýjysy.