milli goshun logo
Watan / Muhammetberdi Aýdogdyýew
Watan / Muhammetberdi Aýdogdyýew
20.01.2020 666 Bäsleşik

Ata Watanym hem ene topragym,

Tagzym bolsun, janym saňa gurbanam.

Watan diýer gursagymda kükregim,

Öz topragym hassa günüm dermanym.


Dik tut başyň, sen türkmeniň oglusyň,

Ärden gaýdan, oguzlaryň kowmusyň.

Ogly bolup, bu toprakda dogmuşam,

Her dem söý Watany durmana.


Toprak seni öz bagrynda göterýär,

Watan saňa ar-namysyň getirýär.

Ýollar aýdyň arzuwlara ýetirýär,

Watanym söýmesem, bolar armanym.


Göge galdym adyň bilen bekedim,

Biz seň üçin Watan bolmaz armanym.

Sen güýç beren, dogum beren mededim,

Watan, toprak, Tugum üçin gurbanam.


Muhammetberdi Aýdogdyýew.