Watan! Bu
ýüregi ýaraýjak bolýar,
Saňa bolan
çäksiz söýgim gursakda,
Ýazýan,
onsaň setirlerim ogşaýan,
Çünki, olaň
bary diňe sen hakda!
Watan! Sende
meniň şuglaly ýolum,
Şol
ýollaňdan bagtlylyga barýaryn,
Güllerden
dolduryp sagym hem solum,
Buýsanç bilen öňe ädim urýaryn.
Watan! Sende
nurly güneşim dogýar,
Mähriňden
ýagtylyp geçýär gijelem,
Ösüşleriň
günbe-günden güýç alýar,
Toýlaryňa
şaýat bolýar didelem.
Watan! Sen geçmişden ata-babalaň,
Bize miras goýan mukaddesligi,
Mähriban goýnuňda körpe çagalaň,
Ýaňlanýar
şadyýan gülki sesleri.
Watan! Mekanysyň Bitaraplygyň,
Bu gün adyň dünýä dolýar pajarlap,
Şatlyk berdi ile Garaşsyzlygyň,
Ýaşa, ýaşa
Watan, ýaşa asyrlap!
Kerwen Miriýew,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň
Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, leýtenant.