2022-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň
DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Montana ştatynyň
General maýory, General adýutanty, Montana ştatynyň Milli gwardiýasynyň Baş
serkerdesi we Montana ştatynyň Döwlet departamentiniň Harby meseleler boýunça
müdiri Jon P. Hronek bilen duşuşyk geçirildi.
Taraplar ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi, ABŞ-nyň
Milli gwardiýa býurosy bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň arasynda
Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň gaýtadan täzelenmegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu maksatnamanyň netijesinde Newada ştatynyň Milli gwardiýasy tarapyndan ýerine
ýetirilen birnäçe öndürijilikli alyş-çalyşlar, okuwlar durmuşa geçirildi.
Şeýle hem taraplar tebigy betbagtçylyklaryň we
adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerine garşy göreşmek hem-de ýok etmek, kiber
goragy we kiber howpsuzlyk, inženerçilik we gurluşyk işler we ş.m ugurlar
boýunça iki ýurduň arasyndaky harby edaralaryň hyzmatdaşlygyny ara alyp
maslahatlaşdylar.