Ata Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda sak duran hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygyny, mähriban halkymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün edýän Harby-deňiz güýçleriniň abraýy barha artýar.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly ýörişde Döwlet münberiniň meýdançasynda göni ýaýlym arkaly ekranda görkezilen söweşjeň gämilerdir karterler ýurdumyzyň howpsuzlygyny üpjün edýärler. Dabaraly harby ýörişi Harby-deňiz güýçlerine gelip gowşan hem-de iň döwrebap ýaraglar bilen ýaraglandyrylan «Deňiz han» atly korwet taslamaly söweşjeň gämi bilen başlandy. Her bir ezber deňizçiniň söweşjeň gämilere erk edişi olaryň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.
Dabaraly harby ýörişden täsirli pursatlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!