Şenbe güni – 12-nji oktýabrda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň ýurtlarymyzyň halklarynyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde taryhy waka boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi, iri halkara guramalaryň çäklerinde ýakyndan özara hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigini belledi. Türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ählumumy ösüşiň ýörelgelerine garaýyşlar babatda doly özara düşünişmek bilen şertlendirilendir.
Ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.