Ýurdumyzda 5-nji iýunda galla
oragyna badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň 29-njy maýda geçirilen
mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm oba
hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, edermen ekerançylara zähmet
üstünliklerini arzuw etdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary
welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz
welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 12-nji iýunda goşularlar.
Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary 690
müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler.
Ahal welaýatynda 400 müň tonna, Mary welaýatynda 345 müň tonna, Lebap welaýatynda
310 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 265 müň tonna we Balkan welaýatynda 80 müň
tonna bugdaý ýygnalar. Şu ýyl galla meýdanlarynda bugdaýyň «Sähraýy», «Juwan»,
«Bitarap», «Ýolöten — 1», «Ýolöten —3», «Türkmenbaşy — 1», «Gyzylşaglawuk —
25», «Miras», «Akbaş», «Ýubileýnaýa — 100», «Batko» we «Wassa» ýaly ýokary
hasylly görnüşleri ekildi.
Umuman, ýurdumyz boýunça 2020-nji
ýylyň galla oragy möwsüminde «СLAAS», «John Deere», «Сase», «New Holland» ýaly ýokary öndürijilikli galla ýygnaýan
kombaýnlaryň 2 müň 220 sanysy işlediler. Işler iki çalşykda gije-gündiz esasda
alnyp barlar. Ýokary öndürijilikli tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi
ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berer.