Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen
esaslandyrylan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýe
Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen 8-nji Halkara etnosport medeniýeti
festiwalyna gatnaşdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň 2026-njy ýylyň şygaryny
nazara alyp gol çeken resminamasyna laýyklykda, türkmen atly ýigitleriniň
ýurdumyzda we daşary döwletlerde atçylyk hem-de atçylyk sporty boýunça guralýan
halkara çärelere işjeň gatnaşýandyklaryny görkezýär. Bütindünýä etnosport
konfederasiýasy tarapyndan guralan etnofestiwala dünýäniň dürli ýurtlaryndan
köp sanly wekiller gatnaşdy.
Halkara festiwalda Ýaponiýanyň, Müsür Arap
Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Ispaniýanyň,
Litwanyň, Russiýanyň, Italiýanyň, Özbegistanyň, Meksikanyň, Bangladeşiň,
Gruziýanyň, Liwanyň, Tanzaniýanyň we başga-da birnäçe döwletiň toparlarynyň
çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Medeni-köpçülikleýin çäreler, halk tanslary,
aýdym-sazlar, sahna oýunlary bilen utgaşykly dowam eden festiwalda türkmen atly
ýigitleriniň çykyşlary has-da täsirli boldy.
Bu festiwal halklaryň özara ýakynlaşmagynda, milli
däp-dessurlaryň giňden wagyz edilmeginde, taryhy ähmiýeti bolan gymmatlyklary
ylmy taýdan öwrenmekde özara tejribe alyşmak üçin ähmiýetli meýdança
hasaplanýar. Munuň özi medeni-ynsanperwer ulgam boýunça ýola goýulýan halkara
gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine giň ýol açýar.
Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň gatnaşmagynda geçirilen Halkara etnosport medeniýeti festiwalynyň jemleýji güni ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Onda festiwala gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezen toparlar sylaglanyldy. Öz ýeňişleri bilen ahalteke bedewleriniň abraýyny belende göterýän “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna festiwalyň ýapylyş dabarasynda hem möhüm orun berildi. Toparyň festiwalyň ýokary derejeli baýragyna mynasyp bolmagy onuň at üstündäki oýunlar boýunça ýokary ussatlyga ýetendiginiň we toparyň agzalarynyň çykyşlarynyň halkara derejede ýokary baha mynasyp bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Dünýäde uly şöhrat gazanan topara gowşurylan baýraklar onuň halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny giňden wagyz etmäge mynasyp goşant goşýandygynyň hem ykrarnamasydyr.