milli goshun logo
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlary açyldy
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlary açyldy
14 sagat öň 24 Habarlar

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni paýtagtymyzda durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna beslendi. Berkararlyk we Bagtyýarlyk etraplarynda ulanmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýlary Watanymyzyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

Berkararlyk etrabynyň 8-nji kiçi etrapçasynda 5 gatly, 60 öýli we 5 gatly, 80 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy medeniýet we sungat ussatlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Bu ýerde türkmeniň jaý toýuna mahsus milli däp-dessurlar ýerine ýetirildi. Çagalaryň milli oýunlary oýnaýan pursatlary gadymdan gelýän mirasyň häzirki döwürde aýawly saklanylyp, dowamata atarylýandygynyň beýany boldy. Ýaş nesliň bagtyýarlyk döwrümizi wasp edýän goşgulary täsirli ýaňlandy. Dabaranyň çäklerinde ýaş türgenler dürli sport çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar. Dutarçy bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren halk aýdymlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Uly şatlyk-şowhun bilen dürli reňkli howa şarlary asmana uçuryldy.

Dabarada çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna, eziz Diýarymyzyň ýüregi bolan Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygyna beslenýän şu ýylyň şygarynyň gözelligiň, okgunly ösüşiň nyşany hasaplanýan behişdi bedewler bilen baglanyşdyrylmagy bagtyýar halkymyzy täze zähmet üstünliklerine, Watanymyzyň ösüşine, abraý-mertebesiniň beýgelmegine goşant goşmaga ruhlandyrýar. Baş şäherimizde dabaraly ulanmaga berilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ýurdumyzyň bedew bady bilen okgunly öňe barýandygynyň, ilatyň abadan we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr. Uzak möhletleýin geljegi nazarda tutup, baş şäherimizi ösdürmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Paýtagtymyzyň häzirki zaman keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, onuň köpugurly mümkinçilikleri, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar.

Dabara gatnaşyjylar öý eýelerini gutlap, täze öý-ojaklaryň toýly we abadan bolmagyny arzuw etdiler. Ýurdumyzda bildirilýän talaplara laýyklykda, jaýlaryň gurluşygynda, bezeg işlerinde ýerli howa şertlerine, ekologik kadalara gabat gelýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Giň we ýagty otaglar, aşhana ýokary hilli mebeller, hojalyk tehnikalary bilen üpjün edilipdir. Bagtyýar ýaşaýjylar ýurdumyzda her bir maşgalany häzirki zaman öýi we jaýy bilen üpjün etmek boýunça wezipäniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli açylyş dabaralarynyň dowamynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Aşgabat şäheriniň güni hem-de täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy mynasybetli berlen toý sadakasynda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, Watanymyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, giň möçberli işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi.