milli goshun logo
Türkmenistan / Meretgeldi Baýryýew
Türkmenistan / Meretgeldi Baýryýew
22.01.2020 1115 Bäsleşik

Pederlerden miras galan,

Şan-şöhraty dünýä ýaýan.

Türkmenimden nesip galan,

Mahmal gölli halkymyz bar.

Däp-dessury öňden galan,

Ýaşyl reňki saýlap alan.

Gök Asmanda parlap duran,

Haly gölli Tugumyz bar.

Türkmen topragyny göge galdyran,

Pähim-paýhaslygy öňe sürdüren.

Ençeme şäherler, oba gurduran,

Akyl-parasatly Arkadagym bar.

Asmanda parlaýar al-ýaşyl Tugum,

Gül açýar Diýarym, gülleýär bu gün.

Bitarap mekanym – Garaşsyz ýurdum,

Türkmenim toý toýlap, galkynýar bu gün.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym,

Owadan, asuda gül mekanym.

Waspyň mydam dillerimde dessanym,

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym.

Meretgeldi Baýryýew,

esger.