Türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda
Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke bilen bolan
söhbetdeşligiň öňüsyrasynda onuň bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň
häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdy.
Häzirki döwürde
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän
başlangyçlary Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýär. Munuň özi
Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyna giň ýol açýar.
Bu bolsa dünýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne
çekýär. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky
medeni-ynsanperwer gatnaşyklar iki ýurduň halkara hyzmatdaşlygynyň esasyny
düzýär. Bu ýerde žurnalist Gahryman Arkadagymyzyň ömür ýoly, döredijiligi,
ýazan kitaplary bilen gyzyklanýandygyny nygtady.
Soňra alypbaryjy
He Ýanke Milli Liderimizden teleýaýlymyň belent mertebeli myhmanlar üçin
niýetlenen Ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrmagyny haýyş etdi.
Gahryman Arkadagymyz dünýäde meşhurlyk gazanan «CGTN» teleýaýlymynyň Ýazgylar
kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyryp, iki ýurduň arasynda ýola goýlan
gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «CGTN» teleýaýlymynyň esasy
alypbaryjysy bilen sowal-jogap arkaly söhbetdeş boldy.
— Hormatly Milli
Lider, şu interwýuny bermäge wagt tapandygyňyz üçin Size köp sagbolsun
aýdýarys. Biziň ilkinji sowalymyz: Siz Türkmenistanyň we Hytaýyň, türkmen
hem-de hytaý halklarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary, umuman, nähili beýan
edersiňiz? Bu gatnaşyklar nähili ýola goýulýar?
— Siziň sowalyňyza
jogap bermezden ozal, şu interwýuny guramak başlangyjy bilen çykyş eden “CGTN”
teleýaýlymynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlygymy bildirýärin. Hytaýyň özünde-de,
onuň çäklerinden daşarda-da köpmillionly tomaşaçysy bolan abraýly teleýaýlymyň
sowallaryna jogap bermek iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge ýardam
eder. Häzirki Türkmenistany has gowy tanamaga, onuň içeri we daşary syýasatynyň
aýratynlyklaryna, biziň döwlet maksatnamalarymyza, ileri tutulýan ugurlarymyza
düşünmäge mümkinçilik berer. Indi bolsa siziň sowalyňyza geçeliň!
Türkmenistan bilen
Hytaýyň, biziň halklarymyzyň gatnaşyklaryny dogruçyl beýan etmek üçin onuň
taryhy esaslaryny bilmek we olara düşünmek gerek. Bu gatnaşyklaryň arasy hiç
haçan üzülmedi, ol köp asyrlaryň dowamynda aýratyn geografik, syýasy, ykdysady
we medeni giňişligi döretdi. Bu giňişlikde türkmenler hem-de hytaýlar bilelikde
ýaşap, özara gatnaşyk etdiler. Tejribe topladylar, däp-dessurlaryny kemala
getirdiler. Bilimlerini, endiklerini, ruhy we maddy gymmatlyklaryny
paýlaşdylar. Munuň özi iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň häzirki
hyzmatdaşlygynyň derejesini, many-mazmunyny has-da berkitdi. Şoňa görä-de,
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara
ynanyşmak däpleri kanunalaýyk ýagdaý boldy. Biz muňa buýsanýarys. Häzirki
döwürde biziň özara gatnaşyklarymyz wagtyň synagyndan geçen we tassyklanan
bilelikdäki asylly tejribämize — dogruçyllyga, açyklyga esaslanýar.
Şu ýerde özboluşly
resminama bolan «Kasam şertnamasyny» ýatlamak ýerlikli bolsa gerek. Oňa
türkmenleriň ata-babalary Hytaýyň halky bilen biziň eýýamymyzdan ozalky 49-njy
ýylda gol çekipdirler. «Kasam şertnamasynyň» adynyň özi iki halkyň özara
gatnaşyklarynyň esasynda synmaz we mukaddes kadalaryň goýlandygyny görkezýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylary örän
baý taryhy esaslara daýanyp, hyzmatdaşlygyň şol ruhuny hem-de däplerini
dikeldýärler. Döwletara gatnaşyklaryň taryhynyň müňýyllyklara, Beýik Ýüpek
ýolunyň döwrüne uzap gidýändigine iki ýurtda hem düşünmek bilen garalýar. Bu
bolsa biziň uly gymmatlygymyzdyr, dostlugymyzyň, özara bähbitli, deňhukukly
hyzmatdaşlygymyzyň hemişelik esasydyr.
— Türkmen-hytaý
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy nähili we haýsy ugurlarda ösdürilýär?
— Syýasy-diplomatik
hyzmatdaşlykdan başlaýyn. Hytaý Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň biri
bolup ykrar etdi. Ol 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda biziň ýurdumyz bilen diplomatik
gatnaşyklary ýola goýan dünýäde ilkinji ýurt boldy. 2013-nji ýylyň 3-nji
sentýabrynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk
gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Bilelikdäki Jarnama gol çekildi. Netijede,
2023-nji ýylyň ýanwarynda biziň ýurtlarymyz Türkmenistanyň we Hytaý Halk
Respublikasynyň arasynda Bilelikdäki Beýannama gol çekilenden soň,
hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny
tassykladylar. Bu resminamalar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň döwletara hyzmatdaşlygyň
ýokary derejesine çykandygyny aňladýar.
Iki döwlet daşary
syýasy derejede netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ikitaraplaýyn diplomatik
gatnaşyklaryň we geňeşmeleriň usullary döredildi. Iri halkara guramalarda,
ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda birek-biregi goldamagyň
tejribesi ýola goýuldy. Bu bolsa dünýä we sebit gün tertibiniň örän möhüm
soraglary boýunça özara düşünişmegiň, netijeli usullaryň ýola goýlandygyny
görkezýär. Hytaýyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny, biziň halkara başlangyçlarymyzy
üýtgewsiz goldaýandygyna ýokary baha berýärin hem-de munuň üçin minnetdarlyk
bildirýärin. Öz gezeginde, Türkmenistan hem hytaýly dostlarymyz üçin wajyp
soraglara, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäkleriniň umumylygyna hem-de
bitewüligine degişli soraglara garaýyşlaryny hemişe anyk beýan edýär. Biz
«Bitewi Hytaý» syýasatyna pugta eýerýäris we Hytaý Halk Respublikasynyň
Hökümetiniň bütin Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümet bolup
durýandygyny tassyklaýarys.
Hytaý bilen
köptaraply görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygy hem bellemek isleýärin.
Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
esaslandyryjylarynyň biri hökmünde alyp barýan işine hormat goýýar. Biziň
ýurdumyz ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Şeýle hem
döwletlerimiziň öňe süren başlangyjynyň esasynda döredilen «Merkezi Aziýa —
Hytaý» formatyndaky hyzmatdaşlyk barha ösýär.
Hytaý köp ýyllaryň
dowamynda Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar.
2007-nji ýyldan häzirki döwre çenli biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt
dolanyşygy 20 esse artdy. Haryt dolanyşygynyň durnukly saklanýandygyny hem-de
her ýylda 9-10 milliard amerikan dollaryna barabar bolýandygyny bellemek
möhümdir. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz esasy ugurlar bolan energetika, ulag,
aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar pudaklaryny, dokma we agrosenagat toplumlaryny,
ençeme beýleki ugurlary öz içine alýar.
Nebitgaz pudagynda
özara bähbitli gatnaşyk etmegiň özboluşly tejribesi toplandy. Hytaý Halk
Respublikasynyň tejribesini we mümkinçiliklerini nazara almak bilen, gaýtadan
dikeldilýän energiýa babatda geljegi uly işläp taýýarlamalarymyz hem bar. Hytaý
bilen hyzmatdaşlykda biziň ulag pudagymyz ýokary depginde ösýär. Bu ugurda anyk
mysallary getireýin: häzirki döwürde Türkmenistanyň demir ýollarynda hereket
edýän wagonlaryň hem-de lokomotiwleriň 90 göterimi Hytaýda öndürildi. Hytaý
wagonlaryny, teplowozlaryny satyn almakdan başga-da, Gündogar — Günbatar ugry
boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
2014-nji ýylda
uzynlygy 750 kilometrden gowrak bolan, goňşy ýurtlaryň çäkleriniň üstünden
geçip, Hytaý bilen Türkmenistany birleşdirýän demir ýol ulgamy ulanmaga
berildi. Soňky ýyllarda hytaý awtomobilleriniň, esasan-da, awtobuslarynyň satyn
alnyşy ep-esli artdy. Biziň ýurtlarymyzyň Pars aýlagyna we Hind ummanyndaky
terminallara çykmak bilen, Hazar deňzinde söwda kommunikasiýalaryny ösdürmekde
mümkinçiliklerini birleşdirmek üçin ähli şertleriň bardygyna ynanýaryn. Bularyň
ählisi Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek
ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasy bilen utgaşýandygyny görkezýär.
Häzirki şertlerde
hakyky özara gyzyklanmanyň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa iri ulag-logistika
taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge
mümkinçilik berýär. Bu bolsa Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli ägirt uly
giňişligi birleşdirip, Ýewraziýada ykdysadyýeti ösdürmäge kuwwatly itergi
berer. Önümçilik we tehnologik ulgamlaryň, senagat guşaklarynyň arasynda özara
baglanyşygy emele getirer. Köp sanly durmuş soraglaryny çözmäge, halklaryň ýaşaýşynyň
we abadançylygynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Agrosenagat
toplumynda türkmen we hytaý hünärmenleri Türkmenistanda öňden bäri ösdürilip
ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň aýry-aýry görnüşleriniň üstünde
işleýärler. Biz şäher gurluşygynda ysnyşykly kooperasiýa, häzirki zaman
«akylly» şäher üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge hem taýýardyrys. Bu ugurda
Hytaý dünýäde öňdebaryjy hökmünde ykrar edilýär. Hyzmatdaşlyk etmegiň gün
tertibinde ýokary tehnologiýalar, telekommunikasiýalar we kosmonawtika
pudaklary hem bar.
— Siz hyzmatdaşlyk
etmegiň örän möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika pudagyny agzap geçdiňiz. Bu
ulgamda işler nähili alnyp barylýar?
— Ýangyç-energetika
pudagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik ugrudyr. Bu, elbetde, düşnüklidir:
biziň döwletlerimiz bu ugurda ägirt uly mümkinçilige eýedirler. Mälim bolşy
ýaly, 2006-njy ýylyň aprelinde Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň
taslamasyny amala aşyrmak we türkmen tebigy gazyny Hytaý Halk Respublikasyna
ibermek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň
Hökümetiniň arasynda Baş ylalaşyga gol çekildi. 2009-njy ýylyň 14-nji
dekabrynda bu gaz geçiriji ulanmaga berildi. Şol günden başlap, ylalaşyga
laýyklykda, Türkmenistan her ýyl Hytaýa 40 milliard kub metre golaý gazy
iberýär.
2026-njy ýylyň
1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça
Hytaýa 460 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberildi. Häzirki döwürde biz
her ýylda iberilýän gazyň möçberini 65 milliard kub metre çenli artdyrmagyň üstünde
bilelikde işleýäris. Şeýle gaz strategiýasy Türkmenistanyň we Hytaýyň uzak
möhletleýin bähbitlerine, ählumumy ykdysady ösüşiň ýagdaýyna laýyk gelýär. Bu işde
energiýa serişdelerini ibermegiň orny barha artýar. Munuň özi deňhukuklylyga,
mümkinçilikleriň hem-de geljegiň gerimine esaslanýan hakyky hyzmatdaşlyk
gatnaşyklarynyň ösüşini görkezýär. Ahyrky netijede, bu turba geçiriji energiýa
taslamalaryna ähli gatnaşyjylaryň — öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň, sarp
edijileriň bähbitlerini hasaba almagyň hakyky, iş ýüzündäki mysalydyr. Şu ýerde
dünýä bazarlaryny energiýa çig maly bilen ygtybarly we howpsuz üpjün etmek
bilen bagly soraglarda Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň
garaýyşlarynyň ýakyndygyny bellemek ýerlikli bolar.
Men ýene-de bir
örän möhüm wakany nygtamak isleýärin. Hytaýyň “CNPC” kompaniýasy Türkmenistanyň
günorta-gündogaryndaky, dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» känini
özleşdirmek boýunça halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Bu taslama tebigy gazyň
her ýylda 10 milliard kub metrini goşmaça ibermäge niýetlenendir. Şeýlelikde,
uzak möhletleýin bökdençsiz ulanmak üçin türkmen energiýa serişdelerini Hytaýa
eksport etmegiň kuwwatly üpjünçilik ulgamlary bilelikde, yzygiderli we
gyşarnyksyz ösdürilýär. Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmäge köp
ýyllaryň dowamynda gatnaşýan hytaýly hyzmatdaşlarymyzyň ak ýürekli
işleýändiklerini aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzda hytaýly hünärmenleriň işi
dowam eder we giňeler. Bu bolsa iki ýurduň düýpli bähbitlerine, Aziýa yklymynda
energetika durnuklylygynyň hem-de howpsuzlygynyň maksatlaryna laýyk gelýär.
— Siz, umuman,
türkmen-hytaý döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegine we wezipelerine nähili baha
berýärsiňiz?
— Onuň geljegi
aýdyňdyr. Sebäbi biziň gatnaşyklarymyz yzygiderli ösdürilýär hem-de ol
onýyllyklara niýetlenendir. Iki tarap hem biziň halklarymyzyň we
döwletlerimiziň bähbidine peýdalanmak zerur bolan ägirt uly mümkinçiligiň
bardygyna düşünýär. Şonuň esasynda degişli usullar döredilýär. Şolaryň biri-de
2008-nji ýylda döredilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetidir. Onuň
işiniň maksady howpsuzlyk, söwda, energetika, ulag, ylym we tehnika,
medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýaly esasy ugurlarda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny
üpjün etmekden ybaratdyr.
Howpsuzlyk
ulgamynda bu üç wehime — terrorçylyga, ekstremizme we başbozarlyga, şeýle hem
serhetüsti jenaýatçylygyň dürli görnüşlerine garşy bilelikde göreşmegi
aňladýar. Häzirki döwürde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalara laýyklykda,
biziň ygtyýarly edaralarymyz kiber we biologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň
üstünde işleýärler.
Türkmenistan we
Hytaý Halk Respublikasy sebit işlerine netijeli we işjeň gatnaşyjylardyr.
Hytaýyň goldamagy bilen, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça
hyzmatdaşlyk etmegiň täze görnüşi — Owganystan bilen goňşy döwletleriň daşary
işler ministrleriniň duşuşyklary ýola goýuldy. Türkmenistan we Hytaý onuň işine
bilelikde uly goşant goşýarlar. Ol Aziýada howpsuzlygy goramagyň,
pugtalandyrmagyň, ykdysady ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde Owganystanda pugta
parahatçylygy, ylalaşygy gazanmaga we bu ýurdy dikeltmäge gönükdirilendir. Biz
howpsuzlyk boýunça ençeme beýleki köptaraplaýyn ugurlarda hem bilelikde işleýäris.
Biziň
döwletlerimiziň Baştutanlarynyň söwdanyň möçberini giňeltmek we ony
diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ykdysady hyzmatdaşlykda hususy pudagyň
ornuny ýokarlandyrmak boýunça bellän wezipelerini hem durmuşa geçirmelidiris.
Ylmy-tehnologik kooperasiýa-da örän möhümdir. Bu wezipeleri çözmekde türkmen we
hytaý tarapy hemişe yzygiderli iş alyp barýarlar.
— Türkmenistan
bilen Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer
gatnaşyklar nähili orny eýeleýär?
— Bu gatnaşyklar
örän möhüm we kesgitleýji orunlaryň birini eýeleýär. Çünki Türkmenistanyň hem,
Hytaýyň hem döwlet gurluşy, özygtyýarlylygy, milli özboluşlylygy düýpli taryhy,
ruhy we medeni köklere daýanýar. Biz häzirki döwürde öz gatnaşyklarymyzy ýola
goýanymyzda, döwletara hyzmatdaşlygyň esasynda şulary göz öňünde tutup, olardan
ruhlanýarys we şol gatnaşyklara daýanýarys. Munuň özi Türkmenistan bilen Hytaýa
birek-biregiň öňünde umumy, düşnükli maksatlary goýmaga we olara ýetmegiň
ýollaryny tapmaga mümkinçilik berýän örän möhüm artykmaçlykdyr. Bu işde medeni,
ylym-bilim gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýändigi hem-de bu ugurda döwlet
goldawynyň üpjün edilýändigi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu bolsa dürli görnüşde —
özara Medeniýet günlerini we ýyllaryny geçirmekde, sungat ussatlarynyň
saparlarynda, çykyşlarynda, festiwallary, maslahatlary guramakda öz beýanyny
tapýar. Häzirki wagtda Hytaýda Türkmenistanyň we Türkmenistanda Hytaýyň
Medeniýet merkezlerini açmak barada gepleşikler alnyp barylýar.
Bilim ulgamyndaky
hyzmatdaşlyk barada aýratyn bellemek isleýärin. Häzirki döwürde Hytaýyň bilim
ojaklarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 10 müňden gowragy okaýar.
Türkmenistanyň 9 sany ýokary okuw mekdebinde, 10 sany orta mekdebinde hytaý
dili öwrenilýär. Biz öz tarapymyzdan Hytaý Halk Respublikasynyň okuw
mekdeplerinde türkmen diliniň öwrenilmegini guramakda ýardam bermäge, munuň üçin
mugallymlary we hünärmenleri ibermäge taýýardyrys. Bu bolsa biziň
hyzmatdaşlygymyzyň geljegine maýa goýumlardyr, türkmen we hytaý halklarynyň
arasynda dostlugyň, özara düşünişmegiň aýdyň nyşanydyr.
Gündogar
müçenamasy boýunça 2026-njy ýyl bedew ýylydyr. Biziň ýurdumyzda şu ýyl
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýyly»
şygary astynda geçýär. Men bu barada ýöne ýere aýtmaýaryn. Sebäbi atlar,
behişdi bedewler türkmen we hytaý halklarynyň bilelikdäki taryhy mirasynyň
nyşanlarynyň biridir. Baryp biziň zamanamyzdan ozalky II asyrda türkmen
halkynyň Hytaýyň imperatoryna behişdi bedewleri — şöhratly ahalteke atlaryny
sowgat berendigi mälimdir. Munuň özi möhüm dostlukly diplomatik we strategik
wakadyr.
Atçylygyň
hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugruna öwrülmegi üçin uly mümkinçilik bar. Hytaý
atşynaslary Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary bolup durýarlar.
Biziň döwlet Baştutanymyz bu assosiasiýanyň Prezidentidir. Biz hytaý
atşynaslaryny şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek çärelere çagyrýarys.
— Siziň dünýädäki
häzirki ýagdaýa berýän bahaňyz we bu ýagdaýlarda Türkmenistanyň we Hytaýyň orny
barada soramak isleýärin.
— Häzirki ýagdaý
çylşyrymly. Ýöne, muňa garamazdan, ony kadalaşdyrmak, gapma-garşylygy aradan
aýyrmak, medeniýetli gepleşikler ýoluna geçmek üçin mümkinçilikler bar diýip
hasap edýärin. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň gurallary we
mümkinçilikleri bar, olary ulanmak zerurdyr.
Bitarap döwlet
hökmünde Türkmenistan gapma-garşylyklara goşulmaýar. Şonuň üçin biziň ýurdumyz
halkara gatnaşyklarda güýç ulanmak usulyny kabul etmeýär. Munuň özi biziň üçin
diňe iş ýüzündäki syýasy sorag bolman, eýsem, ilkinji nobatda, ahlak bilen
bagly soragdyr. Sebäbi uruşlar, ilki bilen, adamlara, olaryň ykbalyna, durmuş
ýagdaýlaryna, arzuw-hyýallaryna we umytlaryna zarba urýar. Uruşda bularyň
ählisi bir pursatda ýom-ýok bolýar. Şoňa görä-de, häzirki döwürde uruş etmek
üçin tagallalary iki esse artdyrmaly däl-de, şol uruşlary aradan aýyrmak üçin
on esse tagalla etmeli. Şu ýerde men geçmişde ýaşan bir parasatly şahsyýetiň
sözlerini mysal getirmek isleýärin. Bu sözler orta asyr görnükli türkmen döwlet
işgäri Baýram han Türkmene degişlidir. Ol: «Parahat ýaşamagy başarmak bilen
deňeşdirilende, uruşda ýeňiş gazanmak hiç zatdyr» diýipdir.
Türkmenistan we
Hytaý parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, ylalaşyga berk ygrarlydyr. Biziň
ýurtlarymyz bilelikde dünýä syýasatynda ynanyşmagy, özara hormat goýmagy ykrar
etmek üçin mümkin bolan ähli tagallalary edýärler. Bu hem biziň doganlyk
halklarymyzy we döwletlerimizi birleşdirýän ýene-de bir berk esasy güýçdür.
Ýöne bu sowalyňyza umuman jogap bermek bilen, men syýasatçy däl-de, ýönekeý
raýat hökmünde öz pikirimi aýtsam: «Atylan ok hiç haçan yzyna gaýtmaýar». Ol
sen harbymy, esgermi, ýönekeý raýatmy ýa-da çagamy... — saýgarmaýar.
Gynansak-da, ol diňe pida getirýär. Şonuň üçin taryha ser salsak, onda hiç
haçan urşuň ýeňen ýeri ýokdur.
Men şu jümleler
arkaly sözümi jemlemek bilen, tutuş adamzadyň abadan, parahat we bagtyýar
durmuşda ýaşamagyny arzuw edýärin.
— Köne dost hökmünde
Siz Başlyk Si Szinpini nähili lider hökmünde görýärsiňiz?
— Hytaý Halk
Respublikasynyň Başlygy bilen bizi mähirli dostluk baglanyşdyrýar. Köp ýyllaryň
dowamynda biz ýurtlarymyzyň arasynda syýasy, ykdysady, ynsanperwer
hyzmatdaşlygy ýola goýduk. Giň möçberli bilelikdäki taslamalary amala aşyrdyk.
Sebit we ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi gazanmak üçin mümkinçiliklerimizi
hem-de tagallalarymyzy birleşdirdik. Başlyk Si bilen gatnaşyklarymyz hemişe
açyklygy, özara ynanyşmagy hem-de aç-açanlygy bilen tapawutlanýar.
Hytaýyň milli
bähbitlerini erjel we aýgytly goramagy, örän möhüm halkara soraglara jogapkärli
çemeleşmegi Si Szinpine dünýä derejeli lider hökmünde abraý we hormat getirdi.
Onuň ýolbaşçylygynda Hytaý ähli ugurlarda ajaýyp üstünlikleri gazanyp, geljek
üçin maksatnamalaryny düzýär. Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hem-de
Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň ýakynda geçirilen
sessiýalarynyň netijeleri we şolarda kabul edilen çözgütler hem muny doly
tassyklaýar. Mümkinçilikden peýdalanyp, hytaý halkyny şu wajyp waka bilen
gutlaýaryn.
Başlyk Siniň
halkara işi barada aýdylanda, onuň öňe süren dört sany ählumumy başlangyjyny
bellemek isleýärin. Olar Ählumumy howpsuzlyk, Ählumumy siwilizasiýa, Ählumumy
ösüş, Ählumumy dolandyryş başlangyçlarydyr. Men bu başlangyçlara ähli adamzat
üçin strategik ähmiýetli we möhüm şertler hökmünde garaýaryn. Başlyk Siniň bu
dört başlangyjy Türkmenistanyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog —
parahatçylygyň kepili» ýaly ählumumy başlangyçlarynyň many-mazmunyna we
strategik ugruna laýyk gelýär. Bular biziň ýurtlarymyza hyzmatdaşlyk etmegiň
has netijeli şertlerini hem-de mümkinçiliklerini açýar.
Men dünýäde
howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň örän möhüm daýanjy bolan beýik Hytaý döwletini
ösdürmekde Si Szinpiniň lider hökmünde aýgytly orny eýeleýändigine ynanýaryn.
Şunuň bilen baglylykda, sözümiň ahyrynda «Hytaýda ähli zat gowy bolsa, bütin
dünýäde hem gowy bolar» diýesim gelýär. Hormatly Si Szinpine — beýik şahsyýet,
dünýä derejeli lidere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döwlet işinde
mundan beýläk-de uly üstünlikleri, Hytaýyň halkyna bolsa gülläp ösüş arzuw
edýärin. Sag boluň!