Halkymyzyň ölmez-öçmez taryhy,
Ýazylypdyr bu Watanyň goýnunda.
Sere salsak bolup geçen zatlary,
Mertlik-merdanalyk ýatyr aňynda...
Ýurdumyzyň ösüş ýolun saýladyk,
Ýaşlarmyzyň ösüp barýan çagynda.
Maksadymyz diňe bire bagladyk,
Alla medet bersin Arkadagyma!
Bakylyk ýolunda ädimläp barýas,
Şugla saçýar ata-ene patasy.
Watan, baky beýik mukaddeslikdir,
Watan dillerimiziň baky senasy...
Türkmenistan – Bitaraplyk mekany!
Halklar arasynda hormat sapaly,
Arkadagly, agzybirlik şygary,
Bagta tarap barýan ýollar mysaly.
Ösüşlere Watan bilen barýarys,
Arkadagly, päk zähmediň ýolunda.
Şygarymyz aýdym edip aýdýarys,
Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany!
Batyr Guzyçyýew.