Bu günki gün has üýtgeşik. Basan her ädimim meni
bir gez beýgeldýär. Çünki men arzyly mekanyma barýan. Ädimlerimiň her biri
täsin many döredýän mislidi. Çünki, olar meni dogduk obama äkidip barýar.
Içki dünýäm bilen hemsyrdaş bolup barşyma,
bir goja pete-pet gabat geldi.
– Salawmaleýkim, ýaşuly! – Ol elini maňlaýyna
kölegeledip, ýüzüme siňňin seretdi.
– Waleýkim. Bi, sen Aman mirabyň agtygy-ha
dälsiň?!
– Hawa, atam, tanadyňyz.
– Maňa Şatlyk başlyk diýýärler. Men
soranjaňrakdyryn. Aýyp görme. Ýeri, onsoň, ugur hanjak?
– Alla oňlasa, dogduk obama – Bu diýenime ol
köpmanyly ýylgyrdy.
– Haý, ogul-ogul. Ahyry obam ýadyma düşdi diýsene?
Ähli ilen-çalan, ýakyn-ýadyň «küren oba» bolup ýatyr. Oglum, sen öýkeleme weli,
garry ataň bilen eneňden habar alyp durýardyň. Obadaşlaryňy weli, unutdyň.
Ýeri, bor-da, onsoň kimlere barýaň? Bu jelegaýlarda seni tanajak beri
barmy?
– Bilmedim, atam... Obama barýanym weli, çynym...
Esli menzili aşdym. Hälki ýaşulyň aýdany weli,
henizem gulagymda ýaňlanyp dur. Dogrudanam, men kimlere barýan?! Obam maňa
ýakynlaşdygyça, juda eziz göründi. Göwnüme bolmasa, ol maňa goluny bulaýlaýan
ýaly. Göwnüme bolmasa, olam meni görüp begenen ýalydy. Obamyň çetinden
girenimden, mele topragy alnyma syldym. Tolgunmadan ýaňa gagşap oturyşyma, ene
toprak halyma dözmän seslenen ýaly boldy.
– Salam, dogduk obam!
– Hoş geldiň, balam!
– Sen bu jelegaýlary unutmansyň-ow! Ahyry, ýene
geldiň. Obaňam seni unudan däldir, oglum. Gelen bolsaň, gel, geç. Heran-haçan
bu ýerlerde seňem paýyň bar. Seret-le, bu ýerlerde seň oglan aýak yzlaryň
bar.
Men endirewük ses bilen güňleç dillendim.
– Emma kimlere barjagymy bilmeýän.
– O nähili? Kimlere däl-de, nirä barýanyň
möhümdir. Aksakgal gojalar, gara öýüň odunyň başyndaky süýji gürrüňler, ho-ol
pirli tamdyrda çörek ýapyp duran mähriban zenan... Sen çagakaň bedrä batyryp
külçejik iýerdiň. Gerk-gäbe bolubam, ýabyň bulançak suwundan ykjam ganardyň.
«Şehitli» öwlüýäniň ýanyndaky öwrümli ýol. Köneje duralga. Bu ýerde birgiden
mähriban adam ýol ulagyna garaşardy. Ol häzirem şeýle. Her anna güni gaýrada
oba adamlary bazar gurardy.
– Ýadymda, onda şeýle bir şüweleňli söwda
bolardy.
Bularyň hemmesi kino lentasy ýaly göz öňümde
janlandy. Oba dolanmadygyma esli wagt bolandyr.
Garry atamyň, enemiň guran öýüne baramda, meni
üýtgeşik mähribanlyk gurşap aldy. Soňky gezek bu ýerden gidemde, enem görgüli
maňa namazlyk halysy bilen arakçyn beripdi. Dogrusy, şondan soň köwlenmedim.
Oňa derek meni üwrän sallançak şo-ol üwrelip dur. Men bu ojakda uzak
durubilmän, çykmak bilen boldum. Atamyň eken seteran ak dereklerine gözüm
düşdi. Olar entegem şol tanyş heňini çalyp otyr. Obam ýene seslenen ýaly etdi.
– Bilýäňmi näme, meni ýekeje kişi terk etse, ol
meň üçin uly jepa. Oň derdini diňe obaň çeker. Ýöne maňa şeýle häsiýet mahsus:
bagrymdan önen ogullarymy hiç unudyp bilemok. Islendik wagt, tersine, olaryň
çagalygyna dolanyp, gelerine garaşýan.
Eý! Mähriban oglum, obaň saňa ýene
garaşar...
Ýolaman Gurbanow,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Türkmen dili kafedrasynyň mugallymy.