Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti
zehininden dörän «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň
aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň täze kitaby ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene mynasybetli
baýramçylyk sowgady hökmünde kabul edildi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň
bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş
dabaralaryna badalga berilmegi şanly senäniň hormatyna guralýan dürli derejeli
çäreleriň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi. Mälim bolşy
ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz 6-njy dekabrda geçirilen Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly
«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly
kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynda geçirilen dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, ýokary
okuw mekdebiniň foýesinde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Bu ýerde
institutyň talyplarynyň ýerine ýetiren «Bitaraplyk — biziň baky bagtymyz» atly
edebi-sazly kompozisiýasy hormatly Prezidentimiziň zehininden dörän täze
kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň özboluşly badalgasy boldy.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň
täze kitabynyň 9 bölümden ybarat bolup, onda türkmen Bitaraplygynyň geçen
ýolunyň, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç
gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy,
howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetiniň giňden beýan
edilendigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy
30 ýylyň içinde özboluşly ösüş ýoluny geçip, sebit we ählumumy derejede
durnuklylygy üpjün etmekde ähmiýetli gurala öwrüldi. Şeýle hem çykyşlarda
ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň häzirki zaman durmuşynyň ähli ugurlaryny öz
içine alýan netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady hökmünde ykrar
edilendigi barada aýdyldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň ilkinji
tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar şanly sene mynasybetli şeýle ajaýyp kitaby
baýramçylyk sowgady hökmünde halkymyza peşgeş berendigi üçin hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Kitabyň «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: taryhy resminamalar, gutlaglar, çykyşlar» atly
jemleýji bölüminde ýurdumyzyň Bitaraplyk ýyllary içinde ýola goýan gatnaşyklaryna,
hormatly Prezidentimiziň halkara forumlarda eden çykyşlaryna we ikitaraplaýyn
hem-de köptaraplaýyn esasda baglaşylan halkara ylalaşyklara möhüm orun
berlipdir.
Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde BMG-niň ýurdumyzda
işleýän edaralary bilen eneligi we çagalygy goramak, zenanlaryň saglygy, çaga
lukmançylygy, bilimi, çagalara durmuş hyzmatlaryny bermek meselelerinde
hyzmatdaşlyk etmek hakynda 30-a golaý resminama gol çekildi. Olaryň üstünlikli
durmuşa geçirilmegi ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Çykyş edenler
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza baýramçylyk mynasybetli sowgat eden
kitabynyň dürli ulgamlarda işleýän hünärmenler, diplomatlar, halkara
hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini öwrenýän alymlar, žurnalistler üçin gymmatly
gollanma boljakdygyna ynam bildirdiler.
Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde —
türkmen, iňlis we rus dillerinde giň halk köpçüligine ýetirildi. Onuň
sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli žanrlary boýunça suratlar
ýerleşdirilip, kitabyň bezeg aýratynlyklarynа möhüm ähmiýet berlipdir.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda täze kitabyň mazmuny
baradaky çykyşlaryň bu eserden bölekleriň mysal getirilmegi arkaly beýan
edilmegi has-da täsirli boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri türkmen halkynyň
ynsanperwer ýörelgelerini esasy ugur edinýän Bitaraplyk hukuk derejesiniň
ähmiýetine has giňişleýin düşünmek üçin ygtybarly gollanma bolup hyzmat eder.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy —
parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş
dabarasy Aşgabat şäher häkimliginde hem geçirildi.