Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. “Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ilkinji
gezek geçirilýän mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa söz berdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň hukuk binýadyny
berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda ýurdumyzda adam
hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, migrasiýa babatdaky meseleleri
kämilleşdirmek, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak,
döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän
kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça
degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisiň wekilleriniň
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren iş duşuşyklaryna
gatnaşandyklary, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna iş
saparlaryny amala aşyrandyklary barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze
kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagy möhüm wezipeleriň hatarynda belläp, bu
ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow
ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň
taslamalary barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, meýilnamalarda Türkmenistanda
makroykdysady durnuklylygy, ýurdumyzyň we sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan
depginli ösüşini üpjün etmek, maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek, amatly maýa
goýum, işewürlik gurşawyny döretmek, sanly ulgamy we döwrebap sanly
tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmek, pudaklaryň maliýe-ykdysady
ýagdaýyny, önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylyşyny seljermek, Döwlet býujetiniň
üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmak, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady,
býujet-salgyt, pul-karz syýasatlary esasynda işleriň amala aşyrylmagyny
guramak, zähmet gatnaşyklaryny, ilatyň iş üpjünçiligini, durmuş taýdan goraglylygyny
gowulandyrmak, bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny, standartlaşdyryş ulgamyny
ösdürmek, milli statistika edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, halkara maliýe
guramalary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, daşary ykdysady işi
kämilleşdirmek, döwlet emlägini we maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmak
boýunça işleri guramak, ykdysadyýeti pul serişdeleri bilen kadaly üpjün etmek
we zerurlyga laýyklykda karz bermek, ulgama öňdebaryjy halkara tejribäni
ornaşdyrmak, kanunçylyk binýadyny, ykdysadyýeti düzgünleşdirmegiň gurallaryny
kämilleşdirmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda,
wise-premýer ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyna degişli ministrlikleriň,
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanly tehnologiýalary ösdürmek boýunça 2026-njy
ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat
berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň
durmuş-ykdysady ösüşini, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermegi dowam
etdirmegiň, Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilişini gözegçilikde
saklamagyň möhümdigini belledi we ykdysadyýet, maliýe, bank toplumynyň 2026-njy
ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow
nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2026-njy ýyl üçin
iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, iş meýilnamalaryna laýyklykda,
“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan nebitgaz känlerini
çuňňur özleşdirmek, tebigy we ugurdaş gazy, nebiti, gaz kondensatyny çykarmak,
suwuklandyrylan gazy öndürmek, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport
etmek, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, nebit önümlerini içerki sarp edijilere
we daşarky bazarlara ibermek, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy
tarapyndan nebite we tebigy gaza baý bolan gurluşlary, gaty magdanlary, ýerasty
suwlary gözlemek we ýüze çykarmak, sanly ulgamy ösdürmek, ylmyň soňky
gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak
wezipeleri göz öňünde tutuldy. Şeýle hem “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky
tapgyrlaryny özleşdirmek işlerine girişmek, Türkmenistan — Owganystan —
Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly
bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny üstünlikli ýerine
ýetirmek meýilnamada iň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň
we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak, toplumyň kärhanalarynyň önümçilik
kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny
belledi hem-de nebitgaz toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny
makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň
taslamalary barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, meýilnamanyň taslamasynda oba hojalyk
toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde
durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly işler, hususan-da,
oba hojalygyny, weterinariýa işini ösdürmek, ýer serişdelerinden rejeli
peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmek, olary
önümçilige ornaşdyrmak, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy
üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, suw hojalygyny ösdürmek we onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, suw serişdelerini netijeli
peýdalanmak, pagta we ýüpek senagatyny ösdürmek, senagat kärhanalaryny olary
gaýtadan işlemekden alynýan önümler bilen üpjün etmek, galla senagatyny
ösdürmek, ilaty galla önümleri bilen üpjün etmek, oba hojalyk pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak we oba hojalyk önümlerini
öndürijilere tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek, azyk senagatyny ösdürmek,
ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, maldarçylygy we guşçulygy
ösdürmek, mallaryň, guşlaryň baş sanyny artdyrmak, maldarçylyk we guşçulyk
önümlerini öndürmek, ilaty bu önümler bilen üpjün etmek, atçylygy we atçylyk
sportuny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýädäki
şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler göz öňünde
tutuldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny
toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam
etdirmegiň, önümçilikleriň möçberini artdyrmak we hilini gowulandyrmak
meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi hem-de oba
hojalyk pudagy boýunça 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap,
wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan taýýarlanylan 2026-njy
ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Meýilnamalara laýyklykda, ýurdumyzda gurluşygy dowam
edýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalarda we desgalarda alnyp barylýan
işleriň hiline gözegçilik etmek, gurluşyklary, milli ykdysadyýetimiziň
pudaklaryny gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, täze, döwrebap ugurdaş
kärhanalary gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, elektroenergetika
pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, önümçilige döwrebap
tehnologiýalary ornaşdyrmak, himiýa we gurluşyk senagaty pudaklarynyň eksport
mümkinçiliklerini artdyrmak, önümleriň täze görnüşlerini öndürmek, hereket
edýän kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmak, awtomobil ýollaryny we köprüleri
döwrebaplaşdyrmak, täzelerini gurmak boýunça işleri dowam etdirmek, Aşgabat şäherinde
medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalaryň, inženerçilik
ulgamlarynyň, awtomobil ýollarynyň gurluşygyny alyp barmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk
pudagynda göz öňünde tutulan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmegiň, gurluşyk
önümleriniň öndürilişiniň möçberini yzygiderli artdyrmagyň, energetika
pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmegiň, täze awtomobil
ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek işlerini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we senagat toplumynyň hem-de Aşgabat
şäheriniň häkimliginiň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew
söwda toplumy boýunça 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, meýilnamalarda içerki bazarda halkyň
sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny, bahalarynyň durnukly derejesini mundan
beýläk-de üpjün etmek, söwda ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda
kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmek, dokma senagatynyň kärhanalarynyň önümçilik
kuwwatlyklaryny has doly we netijeli ulanmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini,
möçberini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, türkmen halkynyň ruhy we medeni
mirasy bolan milli halyçylyk sungatyny ösdürmek hem-de geljek nesillere
ýetirmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynda elektron söwdalary geçirmegiň
döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, Söwda-senagat edarasynyň sergileri we
maslahatlary guramak boýunça işini häzirki zaman tehnologiýalary esasynda
kämilleşdirmek, hususy pudagy ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrmak bilen,
importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň önümçiligini
artdyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, milli
harytlarymyzyň dünýä bazarlaryndaky ornuny giňeltmek boýunça çäreler göz öňünde
tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň
öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegi, içerki bazarlarda halkyň
sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny döretmek, dokma senagatynyň kärhanalarynyň
önümçilik kuwwatyny doly we netijeli peýdalanmak boýunça işleri yzygiderli
dowam etdirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz söwda toplumy boýunça 2026-njy
ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa
medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
şu ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Iş meýilnamalarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly
35 ýyllygy, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri
geçirmek, döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek, halkara medeni hyzmatdaşlygy,
şol sanda syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmek, maddy we maddy däl medeni
mirasymyzy öwrenmek, giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklerde
rejeleýiş, dikeldiş işlerini alyp barmak we ylmy taýdan öwrenmek,
edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işgärleriň hünär
derejesini ýokarlandyrmak, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet ugurly okuw
mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze
tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, teatrlarda döwrüň ruhuny beýan edýän
eserleriň sahnalaşdyrylmagyny, halkymyza ýokary derejeli medeni hyzmatlaryň
guralmagyny gazanmak boýunça degişli işler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem
döwlet maksatnamalaryndan, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip
çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, köptaraplaýyn we milli hödürnamalary
ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna girizmek boýunça işleri dowam etdirmek, Oguz
han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan dürli filmleri surata düşürmek,
ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde
giňden şöhlelendirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet
ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagyň, medeni mirasymyzy öwrenmek,
taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyny
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň
2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlanylan
iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Meýilnamalarda ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw maksatnamalaryny
kämilleşdirmäge, okuw kitaplaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, bilim ulgamynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri dowam
etdirmek, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bejeriş-öňüni alyş
edaralarynda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny
ornaşdyrmak, bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurdumyzda
düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmek, zehinli ýaşlary ýokary
tehnologiýalar, ylym ulgamlaryna çekmek bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän,
netijeli önümçilik we ylmy işleri alyp barýan hünärmenleriň, alymlaryň neslini
kemala getirmek, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny,
ösüşlerini, milli medeni mirasymyzy wagyz etmek boýunça wezipeler we beýleki
çäreler göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylymly-bilimli
nesli terbiýelemäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge
aýratyn üns bermegiň, saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek we sporty
ösdürmek işlerini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi hem-de ylym,
bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň
2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu ugurda degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, meýilnama “Bitarap Türkmenistanyň
daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” hem-de
hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary
ýurtlardaky ilçileriniň we konsullarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda işlenip
düzüldi. Oňa laýyklykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer
we beýleki çäreleri amala aşyrmak arkaly Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen
gatnaşyklaryny berkitmek üçin zerur işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar. Bu
ugurdaky çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda, şol sanda onuň 80-nji
sessiýasynda öňe süren halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça zerur
işleri geçirmek we utgaşdyrmak wezipesi öňde goýulýar.
Şeýle hem meýilnamada ýurdumyzyň halkara maliýe-ykdysady
düzümler bilen alyp barýan işlerini pugtalandyrmak, gatnaşyklary ilerletmek
boýunça çäreler meýilleşdirilýär. Onda Bütindünýä Söwda Guramasy, Ykdysady
hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Halkara energetika agentligi, Energiýanyň
gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik ýaly ykdysady guramalar
bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreler hem bar. Mundan başga-da, Birleşen
Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman
sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy
bilen bilelikde amala aşyryljak çäreler barada nygtalýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz
döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, dünýäde ählumumy
abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny aýtdy. Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ýola
goýlan gatnaşyklaryny ösdürmegi mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini
belläp, Daşary işler ministrliginiň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny
makullady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew
gözegçilik edýän toplumynyň degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan
2026-njy ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalarynyň taslamalary barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, meýilnamalarda ýurdumyzda ulanmaga
berlen ulag infrastrukturasyny sebitiň üstaşyr mümkinçilikleri bilen netijeli
utgaşdyrmak arkaly ýük dolanyşygyny artdyrmak, toplumyň işine sanly ulgamy
ornaşdyrmagy dowam etdirmek, maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmek,
halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenildi.
Şeýle hem 2026-njy ýylda döwrebap demir ýol menzillerini, deňiz gämilerini,
önümçilik we durmuş ähmiýetli desgalary gurmak, teplowozlardyr wagonlary
abatlamak ýaly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere
ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak üçin degişli
işleri alyp barmagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkara ulag
geçelgeleriniň işini ösdürmegiň, üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri
döretmek we olaryň sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegiň, aragatnaşyk ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini
belläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny
makullady hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm
meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi
ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.