Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly»
atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň işgärleriniň, serkerdeleriň, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň,
harby talyplaryň hem-de harby okuwçylaryň gatnaşmagynda geçirildi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun
generaly Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilen günlerinde neşir edilen
«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly
täze kitabynyň parahatçylyk we ynanyşmak baradaky ählumumy garaýyşlary
giňeltmekdäki ähmiýetini, many-mazmunyny wagyz etmäge bagyşlanan tanyşdyrylyş
dabarasynda harby gullukçylar çykyş etdiler. Olaryň çykyşlarynda eseriň Watan
goragçylary üçin-de parahatçylyk söýüjiligiň we watanperwerligiň belent
mekdebidigi barada pikir-garaýyşlar öz beýanyny tapdy.
Söz
sözlän harby gullukçylaryň belleýişleri ýaly, täze kitabyň sahypalarynda taryhy pursatlary
şöhlelendirýän fotosuratlar, şekillendiriş sungatynyň dürli žanrlary boýunça
eserler, sanlara we maglumatlara salgylanýan görkezijiler hem okyjylary özüne
çekýär. Kitap tamamlanyp barýan ýylda Watanymyzda ýetilen belent sepgitler,
durmuşa geçirilen beýik işler hakda buýsançly söhbet açyp, ildeşlerimizi täze
üstünliklere ruhlandyrýar. Ýokary çaphana usulynda türkmen, rus, iňlis
dillerinde neşir edilen eser türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerini esasy
ugur edinýän Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetine has-da giňişleýin düşünmek
üçin ygtybarly gollanmadyr.
Dabaranyň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň
aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary çäräniň baýramçylyk
şatlygyny has-da artdyrdy hem-de oňa gatnaşanlarda ýakymly duýgulary döretdi.
Tanyşdyrylyş çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.