milli goshun logo
Mukaddes Watan / Abdyrahman Matklyçew
Mukaddes Watan / Abdyrahman Matklyçew
17.01.2020 932 Bäsleşik

Garaşsyz, berkarar döwletli diýar,

Ak merjeni bütin dünýä ýüzüniň.

Baky Bitaraplyk bagtyýar döwran,

Hasyl bolan buýsanjydyr ýüregiň.

Bäş müň ýyl taryhda beýikdir ady,

Mert şahsyýetlerden göterilip şany.

Mydam belentde parlar ýaşyl Tugy,

Şöhratly geçmişli mukaddes Watan.

Beýik Taňrym söýen melhem topragyň,

Gara altyn, ak altyndan ojagyň.

Bu günki gün behişt keşbi gujagyň,

Gudratyňa tagzym, mukaddes Watan.

Bir döwletiň gujagynda Oguzlar,

Bir Milletiň saçagynda Oguzlar,

Bir Watany goraýandyr ogullar,

Bir ömür gullugmyz mukaddes Watan.

Gahrymanym, Arkadagym görelde,

Belent sepgitlere berýär ýörelge.

Hyjuw, joşgun gaýnap joşýar köňülde,

Gerçek Gahrymanly mukaddes Watan.

Abdyrahman Matklyçew,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Harby-lukmançylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.