28.05.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Meniň Watan hakda aýdan aýdymlam / Seýitnazar Çarymyradow
Meniň Watan hakda aýdan aýdymlam / Seýitnazar Çarymyradow
17.01.2020 383 Bäsleşik

Meniň Watan hakda aýdan aýdymlam

Ejemjanyň hüwdüsinden gaýdýandyr.

Meniň Watan hakda aýdan aýdymlam

Çagajyklaň gülkisinden gaýdýandyr.

Ak köýnekli, ak arzuwly ätlenen,

Ak mekdebiň gapysyndan gaýdýandyr.

Ömürboýy mähir bilen ýatlanan

Şo-ol ilkinji jaň sesinden gaýdýandyr.

Nesilleri ýurduň geljegi saýýan

Arkadagyň ynamyndan gaýdýandyr.

Watana söýgini gursaga guýýan

Şahyrlaryň galamyndan gaýdýandyr.

Meniň Watan hakda aýdan aýdymlam

On iki süňňüm, ýüregimden gaýdýandyr.

Watan goragynda elime alan

Parahatlyk ýaragymdan gaýdýandyr.

Golumda göterip ýaşyl Baýdagy

Iň buýsançly gadamymdan gaýdýandyr.

Öz öňümde hem Watan öňünde,

Eden beýik kasamymdan gaýdýandyr.

Seýitnazar Çarymyradow,

esger.