milli goshun logo
Gaýduwsyz gerçek / Aýnur Pirjikowa
Gaýduwsyz gerçek / Aýnur Pirjikowa
15.01.2020 1211 Bäsleşik

Gürüň berjek wakam size bir watançy esger  hakda,

Janyndan öň topragyny gorap saklan çep gursakda...

Belent dagyň ýakasynda ýigit serhet goraýardy,

Eger birje gara görse, has anyklap garaýardy.

Bir gün gatyr münen goja  barýan eken oýmul-oýmul,

Sakalyna ak çabyran, aşak basyp ýogyn boýnun.

Ýüreginde maksady bar, gidip otyr ýaňky daýy,

Birje şübhe döredäýse ýigit oňa berjek paýy.

«Galdyr elleriňi» diýip ýigit oňa duýdurypdyr,

Muny gören haýýar goja, derhal al-hile gurupdyr.

«Nirden gelýäň? Nirä barýaň?» sorag baryn suňşurypdyr,

Olam indi erbet zadyň boljagyny aňşyrypdyr.

Gahar bilen esger ýigit dörjeleýär gök horjuny,

Goja näderini bilmän, dişläpdir agyr hyrçyny.

Diýen: «Oglum, o tarapdan alýan biraz derman däri,

Eger maňa kömek etseň, seňki bolsun onuň ýary».

Der basypdyr ýaş esgeri, görse horjun doly neşe,

Üç arkasyna gargynyp, nälet aýdan bu näkese.

Şowagt esger bu teklibe kes-kelläm bolupdyr garşy,

Watan üçin ähli zatdan ýokardadyr onuň parzy.

Pahyrsyrap ýaňky goja şumjarypdyr, kakynypdyr,

Pursady peýlän wagty hem pyçak bilen topulypdyr.

Ýykylypdyr ezber esger juda agyr ýaralanyp,

Täzeden galyp aýaga, direnipdir ýarag alyp.

Çenäp çat maňlaýna oky, gojaň ellerini daňan,

Derhal serkerdelerine habar ýetiripdir soňam.

Şeýle esgerlermiz barka, il asuda, Watan abat,

Merdana serhetçilere şöhrat, şöhrat, şöhrat!!!

Aýnur Pirjikowa.