milli goshun logo
«Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy
«Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy
22.04.2024 221 Sport

Düýn – 21-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda 15 – 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Çärä Içeri işler ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň, Milli olimpiýa we paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, türgenler, tälimçiler, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. «Adihis-Kazan» (RF-niň Tatarystan Respublikasy) kümüş, «Wolat» (Belarus) topary bolsa bürünç medala mynasyp boldy. Bu ýaryş ýurdumyzda hokkeý sportunyň ösüşinde täze sahypany açdy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Soňra «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň 15 – 20-nji apreli aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda baýrakly orny eýelän «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda türgenlere diplomlar hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýadygärlik surata düşülenden soňra, Içeri işler ministrliginiň döredijilik toparlarynyň, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert guraldy.