milli goshun logo
3-nji iýun – Bütindünýä welosiped güni
3-nji iýun – Bütindünýä welosiped güni
03.06.2024 397 Sport

Şu gün – 3-nji iýunda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilýär. Bu mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirilip, oňa paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda aýdylyşy ýaly: «Bütindünýä welosiped güni dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan baýram hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar».

 Ýeri gelende bellesek, welosiped sportuny has-da işjeň ösdürmek maksady bilen, eziz Diýarymyzda 2024-nji ýylyň 31-nji maýy – 3-nji iýuny aralygynda ilkinji gezek Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Tejen – Aşgabat bölegi boýunça uzak aralyga welosipedli ýöriş guralmagy uly ähmiýete eýedir.