Düýn – 27-nji martda Ak bugdaý
etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň
açylyşy boldy we hajy Arkadagymyz bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi.
Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze
metjidiň bina edilmegi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly
ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilmegi netijesinde haýyr işleriň dowamata atarylýandygyna şaýatlyk edýär.
Bu bolsa zähmetsöýer halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara
ygrarlylygyny alamatlandyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri
ýygnananlary ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar bilen
gutlap, täze metjidiň açylyşynyň halkara ähmiýetli çäreler bilen utgaşmagynda
çuňňur manynyň bardygyny aýtdy.
Hajy Arkadagymyz çärä gatnaşyjylaryň
şu keramatly toprakda bina edilen täze metjidi ata-babalarymyza we geçmiş
mirasymyza sarpa goýmak, şeýle hem taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimizi
hormatlamak bilen, «Seýit Jemaleddin metjidi» diýip atlandyrylmagyny nähili
görýändikleri bilen gyzyklandy.
Agzaçar sadakasyna gatnaşýan hormatly
ýaşulular Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklibini tüýs ýürekden makulladylar
we goldadylar hem-de pederlerimiziň atlaryny ebedileşdirýändigi üçin Milli
Liderimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.