Bilşimiz ýaly,
23-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde
döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki
dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew – müňýyllyklardan
gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.
Hormatly
Prezidentimiziň «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar»,
«Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan
hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar – Bagabat – Änew», «Gadymy Änew
medeniýeti», «Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew
medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky
müdimi owaz» atly bölümlerden ybarat bolan bu kitaby «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyz üçin ajaýyp sowgatdyr.
Änew şäheri diňe
bir türkmen taryhynyň şöhratly geçmişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, külli
türki älem üçin-de aýratyn ähmiýete eýedir. Şu jähetden, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny
halkymyza sowgat bermegi bagtyýar halkymyz üçin çuňňur buýsanjyň gözbaşy bolup,
biziň ählimizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.