milli goshun logo
«Galkan» halkara ýaryşda finala çykdy
«Galkan» halkara ýaryşda finala çykdy
18.04.2024 280 Sport

Şu gün Aşgabatda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşda 4-nji tapgyryň duşuşyklary başlandy. Duşuşyklaryň «A» toparçada Türkmenistanyň «Galkan», Özbegistanyň «Feniks», Oman Soltanlygynyň «Oman Nationals», Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box Iran Mall», «B» toparçada Belarus Respublikasynyň «Wolat», RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan», Türkiýe Respublikasynyň «Team-Türkiye», Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý» toparlarynyň arasynda geçirilmegi bellenildi.

Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary Gyşky oýunlar sport toplumyny dolduran on müňlerçe janköýeri tolgundyryp, «Feniks» topary bilen duşuşdy. Bassyr üç tapgyrdan bäri «A» toparçada ýeňiş gazanyp gelýän türkmenistanly hokkeýçiler bu günki oýna hem ýokary taýýarlyk görüpdirler. Munuň şeýledigini olaryň oýnuň 1-nji döwünden ildeşlerimizde 4-nji tapgyryň 4-nji ýeňşine hem ynam döretmekleri aýdyň görkezýär. Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň emininiň hem nygtaýşy ýaly, «Galkanyň» hokkeýçileri aýgytlaýjy duşuşygyň sanlyja sekuntlarynda geçiren şaýbalary bilen hemmäni haýran galdyrdy. Elbetde, bu ýerde öz adyna möhüm gollary ýazdyrmagy başaran Perhat Atekäýewiň, Baýmyrat Baýmyradowyň, Muhammetýar Nuryýewiň atlaryny nygtamak gerek. Oýunda derwezebanlyk eden Rahman Myradowyň hem, 4-nji tapgyrda 4-nji ýeňşiň gazanylmagynda möhüm paýy bardyr.

«Galkan» (Türkmenistan) – «Feniks» (Özbegistan) – 9:1

«Galkan» topary ertir – 19-njy aprelde geçiriljek 5-nji tapgyrda dynç alyşda bolar. Türkmen hokkeýçileri indi diňe 20-nji apreldäki final tapgyra gatnaşar.

Üstünlik hemraňyz bolsun, «Galkan» topary!