milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
04.06.2024 75 Sport

Düýn – 3-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Paýtagtymyz Aşgabadyň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasy baýramçylyk mynasybetli guralan welosipedli ýörişiň badalga alan ýeri boldy.

Welosipedli ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi. Ýolugruna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa ýüzlenip, alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi ussatlarça tamamlap, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana bardy.