milli goshun logo
Türkmen dzýudoçysy altyn medala mynasyp boldy
Türkmen dzýudoçysy altyn medala mynasyp boldy
06.05.2024 147 Sport

Türkmen dzýudoçylary sport janköýerlerini halkara ýaryşlardaky täze ýeňişler bilen begendirmegi dowam edýärler. Ýakynda sportuň bu görnüşiniň wekillerinden nobatdaky hoş habar Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşyndan gelip gowuşdy. Bu ýaryşda 66 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan ildeşimiz Serdar Rahymow güýçli bäsdeşleriniň ählisinden üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldy.

Has takygy, 20 ýaşly türgen altyn medala uzaýan ýolda möhüm ýeňişleriň bäşisini gazandy. Şeýlelikde, Serdar özüniň halkara üstünlikleriniň hataryna sport ýolunda ilkinji gezek «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň altyn medalyny goşdy. Bu ýeňşi Türkmen türgeniniň onuň şu ýylyň tomsunda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligini has ýokarlandyrdy. Onuň, mundan başga-da, sebitleýin kubok ýaryşlarynda bir altyn, iki kümüş, açyk çempionatlarda bolsa iki kümüş medaly bar.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysynyň tälimçiler we türgenler düzümi 19 – 24-nji maý aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek dünýä çempionaty ýokary derejede taýýarlyk görýärler.