milli goshun logo
«Galkan» – hokkeý boýunça halkara ýaryşyň çempiony
«Galkan» – hokkeý boýunça halkara ýaryşyň çempiony
20.04.2024 282 Sport

Türkmenistan döwletimizde 15 – 20-nji aprelde hokkeý boýunça halkara ýaryş geçirildi. Ata Watanymyzda sportuň buzda oýnalýan görnüşi boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi ýurdumyzyň sport ulgamynda uly öňegidişlikleri gazanýandygyny, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sporta aýratyn ähmiýet berilýändigini subut etdi.

Şu gün – 20-nji aprelde halkara ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eden Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» toparynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» topary bilen final tapgyrda aýgytlaýjy duşuşygy boldy. Maglumat hökmünde buýsanç bilen bellesek, hokkeý boýunça halkara ýaryşda «A» toparçada finala çykan «Galkan» şeýle ýeňişleri türkmen sportunyň taryhyna ýazmagy başardy:

15-nji aprel – «Galkan» (Türkmenistan) – «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn) – 8:1

16-njy aprel – «Galkan» (Türkmenistan) – «Oman Nationals» (Oman) – 15:1

17-nji aprel – «Galkan» (Türkmenistan) – «Ice Box Iran Mall» (Eýran) – 13:1

18-nji aprel – «Galkan» (Türkmenistan) – «Feniks» (Özbegistan) – 9:1

Bu gün bolsa halkara ýaryşyň jemleýji duşuşyklary geçirildi. Netijede, hokkeý boýunça halkara sport baýramçylygynyň çempiony we ikinji, üçünji orunlarynyň eýeleri belli boldy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň çempiony bolup, ildeşlerimiziň, Watan goragçylarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belent ynamyny ödäp, türkmen sportunyň dünýädäki abraý-mertebesini belende göterdi. Aziýanyň we Ýewropanyň toparlarynyň onusynyň gatnaşmagynda şaýbaly hokkeý boýunça geçirilen halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

20-nji aprel – «Galkan» (Türkmenistan) – «Adihis-Kazan» (Tatarystan, Russiýa) – 4:2

1-nji döw – 1:1

2-nji döw – 0:1

3-nji döw – 3:0

Hokkeý boýunça halkara ýaryşda gazanan ajaýyp ýeňşiňiz bilen gutlaýarys, «Galkan» topary!