milli goshun logo
Aşgabat şäheriniň halkara sport abraýy dabaralanýar
Aşgabat şäheriniň halkara sport abraýy dabaralanýar
04.06.2024 198 Sport

Düýn – 3-nji iýunda Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda paýtagtymyzyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Aşgabat – sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri»  atly baýramçylyk çäreleri geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu Çözgüt Aşgabatda 24-nji maýda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi.

Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi paýtagtymyzda sporty ösdürmekde, iri halkara we dünýä ýaryşlaryny geçirmekde, bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň gymmatlyklaryny ilerletmekde gazanan üstünliklerimize dünýä bileleşiginiň beren ýokary bahasynyň aýdyň nyşanydyr.