Näme sebäpdendigini bilemok, emma her gezek gyş
pasly gelende ykbalyň bize nesip eden gysga wagtlyk menzil tanapyny
külterländigimize garamazdan, ýanýoldaşym Amanyň oglum Merede ömrüniň soňky
pursatlarynda aýdan wesýetleri hyýalymda janlanýar. Maşgalamyz bilen bile
geçiren günlerimiz ylla sessiz kinofilmiň görnüşleri ýaly göz öňümden geçip
başlaýar. Bu gün hem şeýle boldy. Oglum Myrat bilen gyzym Jereni ýatyranymdan
soň, Watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirip ýören nowjuwan oglum Meret
hakyndaky oýlanmalar elime galam almagyma sebäp boldy.
Salam, eziz balam, nowjuwan perzendim! Kakaň aýdan sözleri ýadyňdamy: «Jandan eziz görýän Watanymyza arzyly
behişdiň Zemindäki parçasy deý togap et! Sen meniň «Ömür» atly bagymyň
miwesisiň! Ejeň we doganlaryň arkadagysyň! Saňa guwanjym çäksizdir oglum!».
Megerem bu sözler seniň durmuş pelsepäňe (idealyňa) öwrülen bolmaly. Biziň
durmuşymyzda ölçäp bolýan we ölçäp bolmaýan gymmatlyklar bar... Emma hiç zat
bilen deňeşdirmek, ýanaşdyrmak mümkin bolmadyk mukaddeslik munuň özi Watandyr.
Harby kasamyň, seniň Watanyňa wepalylyk ähtiňdir. Watan abraýy, Watan birligi üçin özüňden
geçmäge taýýarlygyň tekrarnamasydyr.
Oglum, özüňde şu mukaddes duýgyny terbiýelegin!
Biziň Watanymyz üstünden müňlerçe ýyl geçen kuwwatly daragtdyr. Sen bolsa şol
daragtyň gury, miwesiz şahasy bolman, miwe getirýän janly şahasy bolmalysyň.
Ata-babalarymyzdan galan Watany, ene topragy gözüň göreji ýaly gorap
saklamak seniň mukaddes borjuňdyr,
oglum! Aglap dünýä inenimizde, göbek ganymyzy özüne siňdiren, bizi çagalykdan
apalap, ösdürip kemala getiren, şirin nazu-nygmatlary bilen ekläp saklan,
hasratly günümizde köşeşdirip diňdiren, bagtly çagymyzda şemaly bilen
şatlygymyzy dünýä ýaýan ene topragymyzy goramak seniň ogulluk borjuňdyr!
Eziz perzendim! Doglan
we özüňi bilen ýeriňe, seni iýdiren we ösdüren halka ogullyk wepalylygyňy,
kyblaň kakaň wesýetlerini amal edýändigiňe guwanýan!
Balam! Gijeleriňi
gündiz edip, hüşgärligi elden berme!
Halkymyzyň güneşli gündizlerini, parahat gijelerini goraýan Watan goragçylaryna
bolan belent sarpanyň we ynamyň baýramy bolan «Watan goragçylarynyň gününi»
uzak ýyllar bilelikde bellemek bagty türkmen halkymyza nesip etsin! Baky
barlygymyz, egsilmez baýlygymyz bolan ata Watanymyzyň binýady mizemez bolsun!
Ejeň.
Şamyrat Kürräýew,
kapitan.