Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
S.G.Mälikgulyýew hakynda
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine we
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy
maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Gurbangulyýewiç Mälikgulyýewi
Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň prokurory
wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri,
2022-nji ýylyň 5-nji iýuly.
***
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň Baş
prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi
Begmyrat Meretdurdyýewiç Begmyradow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň wezipesini
wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda,
wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin,
Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Annaýew Gurbanmyrat Kakamyradowiçe
käýinç yglan edildi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri
üçin, Türkmenistanyň goranmak
ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Gündogdyýew
Begenç Ataýewiçe
käýinç yglan edildi.