milli goshun logo
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
06.06.2020 641 Habarlar

5-nji iýunda oba hojalyk toplumynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu foruma ýurdumyzyň tebigaty goraýyş düzümleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň hünärmenleri, milli parlamentiň deputatlary, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, iri halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan köptaraply işler hemmetaraplaýyn beýan edildi.

Onlaýn maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda milli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olara ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyny belli derejede şertlendirýär. Şeýle taslamalaryň hatarynda Garagum sährasynda döredilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygyny, Milli tokaý maksatnamasyny görkezmek bolar. Häzirki zaman «ýaşyl» tehnologiýalar Hazaryň kenarynda döredilen dünýä derejeli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň möhüm şertine öwrüldi.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny gorap saklamak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu babatda Garagum sährasyna möhüm orun degişlidir. Köýtendag, Bathyz we Repetek goraghanalarynyň, «Bereketli Garagum» Döwlet tebigy goraghanasynyň köpdürli ösümlik we haýwanat dünýäsi milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar we olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdyr.