Özbegistanyň
paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk
çempionatynyň nobatdaky gününde Türkmenistanyň ýygyndysy ýene-de üç medala
mynasyp boldy.
Mary
welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty baş müdürliginiň 5-nji sport mekdebiniň
agyr atletika boýunça tälimçisi Aýsoltan Toýçyýewa 87 kilogram agram derejede
çykyş edip, bäsleşigiň iki görnüşinde 203 kilogram agramy galdyryp kümüş medala
mynasyp boldy. Şunda türkmenistanly türgen agyrlygy silterläp hem-de itekläp
götermekde ikinji netijäni görkezdi.
Türkmen döwlet
bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Rüstem Annadurdyýew hem-de
şu ýokary okuw mekdebiniň 4-nji ýyl talyby Pirguly Pirgulyýew agyr atletika
boýunça milli ýygyndymyza bürünç medallarynyň ýene-de ikisini getirdiler.
81 kilogram
agramlyk derejede çykyş eden R.Annadurdyýew iki görnüş boýunça 224 kilogram
netije bilen hormat münberiniň üçünji basgançagyna, P.Pirgulyýew bolsa (89 kg.)
iki görnüşde 166 kilogram agramlygy galdyryp çempionatyň bürünç baýragyna mynasyp
boldy.
Şeýlelikde,
wekilçilikli halkara ýaryşyň tamamlanmagyna bir gün galanda, Türkmenistanyň
agyr atletika boýunça ýygyndy toparynyň hasabynda 6 medal bar.
Şondan bir gün
öň 49 kilogram agram derejede çykyş eden Ýulduz Jumabaýewa, Seýitjan Mirzaýew (61
kg.) hem-de Kristina Şermetowa (55 kg.) üç medala (bir kümüş we iki bürünç)
mynasyp boldular.
Agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionaty 12-nji fewralda tamamlanar. Ýaryşlaryň netijeleri boýunça iň güýçli agyr atletikaçylar möhüm utuklary hem-de dört ýyllygyň esasy sport ýaryşlaryna – şu ýyl Ýaponiýada geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanar.