Ýurdumyzda
Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde Türkmen bedewiniň milli baýramy
mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp
geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi. Ajaýyp baýramyň hormatyna guralýan bu
bäsleşik ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
tagallalary bilen atçylyk sportunyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny
alamatlandyrýan waka öwrüldi.
«Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda guralýan
dabaralar we geçirilýän bäsleşikler ýurdumyzda ajaýyp seneleriň ähmiýetini
has-da artdyrýar. Bu bolsa geçirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň
üpjün edilmegini şertlendirýär.
Aşgabat
atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde geçirilen bäsleşige saýlama bedewleriň
jemi 10-sy gatnaşdyryldy. Ýaryşyň şertine görä bäsleşik 3 tapgyrdan ybarat
boldy. Şol tapgyrlar bedewleriň bellenilen degişli beýikliklerdäki birnäçe
pasgelçiliklerden böküp geçmegini öz içine aldy.
Bäsleşige
gatnaşýan bedewler päsgelçiliklerden bellenilen kadalara laýyklykda geçmegi
başaryp, özleriniň görkezýän netijelerini artdyrýarlar. Bu bolsa ýeňşe bolan
ynamyň pugtalanmagynda aýratyn ähmiýetli hasaplanylýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda
geçirilýän toý baýramlaryň baş bezegine öwrülýän at çapyşyklary we
päsgelçiliklerden bökmek ýaryşlary häzirki zaman durmuşyna barha işjeň
ornaşýar. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň has-da
belende galmagyny üpjün edýär.