Paýtagtymyzdaky
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň futbol meýdançasynda 7
ýaşdan 12 ýaş aralygyndaky 250-den gowrak ýaş türgeni bir ýere jemlän «CAFA
NOWRUZ – 2026» atly çagalar futbol festiwaly boldy.
Milli bahar
baýramy – Halkara Nowruz gününe bagyşlanan bu sport baýramy Türkmenistanyň
Futbol federasiýasy hem-de Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy (CAFA)
tarapyndan bilelikde guraldy.
Festiwalyň
geçirilmegi sport we ýaşlar syýasaty babatda döwlet maksatnamalaryny durmuşa
geçirmäge, hususan-da, ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş
ýörelgesini wagyz etmäge, ýurdumyzda köpçülikleýin futbolyň giňden
ýaýradylmagyna hem-de sebitara sport hyzmatdaşlygyny berkitmäge
gönükdirilendir.
Sport baýramyny
guraýjylar çagalary yzygiderli sport bilen meşgullanmaga çekmek we olaryň beden
taýdan kämilleşmegine ýardam edýän dürli çäreleri taýýarladylar. Onuň
çäklerinde ýaş futbolçylar özleriniň tehniki taýýarlygyny, ýeňşe bolan
erjelligini we toparda oýnamak ukyplaryny görkezdiler.
«Şeýle
başlangyçlar ýurdumyzyň sport ätiýaçlygyny kemala getirmekde we ýaşlary işjeň
dynç alşyň gymmatlyklaryna uýgunlaşdyrmakda möhüm tapgyr bolup durýar» diýip,
guramaçylyk toparynyň wekilleri bellediler.
Bäsleşikleriň
ahyrynda sylaglamak çäresi geçirildi. «CAFA NOWRUZ – 2026» festiwalyna gatnaşyjylaryň
ählisine guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.