milli goshun logo
Ýaş esgerler harby kasam kabul edýärler
Ýaş esgerler harby kasam kabul edýärler
31.05.2019 5005 Harby özgertmeler

Şu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ýaş esgerleri harby bölümlerde harby kasam kabul etmek bilen, Watan goragçylarynyň hataryna girýärler.

Bu ýatdan çykmajak güne olar birnäçe günläp taýýarlyk gördüler. Gysga wagtyň içinde ýaş ýigitler özlerini tapladylar, olar hakyky ýaraga erk etmegi öwrenip, başlangyç we umumygoşun taýýarlyklaryny üstünlikli geçdiler.

Nyzam taýýarlygy sapaklary hem şowly geçdi. Ony ýaş esgerleriň ýeri sarsdyrýan tutanýerli ädimlerinden hem bilmek bolýar. Watana wepaly gulluk etjekdiklerine kasam edip, Watan goragyna ýetişen esgerler ene-atalarynyň, dost-ýarlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň öňünden dabaraly ýöriş bilen geçdiler.

– Şu gün oguljygymy esger lybasynda görüp oňa buýsandym. Watan goragyna ýaran ogluň ejesidigim üçin men diýseň bagtly. Nesip bolsa, meniň oglum Watanymyza ak ýürek bilen gulluk eder – diýip, oglunyň kasam kabul edişlik dabarasyna gelen ýaş esgeriň ejesi buýsanç aýtdy.

Biz hem öz ogullaryna mynasyp terbiýe beren ene-atalara minnetdarlyk bildirip, olaryň perzentleriniň mukaddes Watanymyzyň goragynda sak durup, ene süýdüni haklajakdyklaryna doly ynanýarys. Çünki hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başda durmagynda bu ýaş ýigitleriň hakyky Watan goragçysy bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredildi.

«Milli goşun».