Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gözel künjeginde
ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň ýanynda Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça
hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň
hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Aşgabatda
gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň hem-de binalaryň şekil taslamalary
bilen tanyşdy.
...Ir bilen Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta
künjeginde ýerleşýän we ýurdumyzyň abadançylygyň, parahatçylygyň we durnukly
ösüşiň mekany hökmündäki derejesini ykrar eden Bitaraplyk binasynyň ýanyna
geldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini dünýä aýan eden ajaýyp
desga ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy
döretdi. Munuň özi ýurdumyzda dürli maksatly binalaryň taslamalarynyň
taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda
çemeleşilýändiginiň we bu ugurda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki
zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu bolsa
Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy
tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi
mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň
Permanyna laýyklykda döredilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk edýän Guramaçylyk
döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzda
döwrebaplaşdyrylýan dürli maksatly binalarda alnyp barylýan işler, Bitaraplyk
binasyny döwrebaplaşdyrmak we onuň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak
bilen baglanyşykly hojalyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz BMG-niň döredilenine 80 ýyl
bolandygyny belläp, hemmeleri taryhy ähmiýetli şanly sene bilen gutlady.
Şu ýylyň başynda Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk
binasynyň ýanynda bolup, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy we sazlaşykly ösüş
ýoluna düşen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli
çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginde möhüm ähmiýeti bolan işleri ýerine
ýetirmek boýunça wezipeleri kesgitläpdi. Şeýle hem şol gün binalaryň we
desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda we onuň çäklerinde bag
nahallarynyň oturdylmagynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde
tutulmalydygyny we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň nazara alynmalydygyny
belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda birnäçe ähmiýetli maslahatlaryny berdi.
Aýratyn-da, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň
gurluşygynda, olary döwrebaplaşdyrmakda täzeçil tehnologiýalar işjeň ulanylmalydyr.
Bu ýerde alnyp barylýan işler häzirki döwrüň talabyna we milli gurluşyk
ulgamynda ýetilen sepgitleriň derejesine laýyk gelmelidir. Bitaraplyk binasynyň
talabalaýyk döwrebaplaşdyrylmagyna, onda BMG-niň baýdagynyň reňkiniň öz
beýanyny tapmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, Gahryman
Arkadagymyz belläpdi.
Bu gün bolsa Milli Liderimiz şol işleriň ýerine
ýetirilişi bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz şanly sene mynasybetli
ýaýbaňlandyrylan işleriň köp ugurlary öz içine alýandygyny belläp, şunda
şäherde alnyp barylýan gurluşyklaryň möhletlerine, paýtagtymyzyň arassaçylyk we
abadanlaşdyryş işlerine, ekologiýa derejesine zerur üns berilmelidigini
belledi.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Milli Liderimiz ak
mermerli paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk ýagdaýynda we
Aşgabady bagy-bossanlyga büremek işlerinde haýal-ýagallyga ýol berlendigi üçin
Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa nägilelik bildirdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günortasynda
döwrebaplaşdyrylýan binalaryň şekil taslamalary, ekiljek baglaryň, yşyklandyryş
we ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän
orunbasary B.Annamämmedow Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini
abadanlaşdyrmaga gönükdirilen işler, gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň
taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.
Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda Bitaraplyk
binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň we bu künjekde döredilýän
Bitaraplyk seýilgähiniň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň
teklip edilýän görnüşleri, Bitaraplyk muzeýiniň içki bezeg işlerine degişli
serişdeler bar. Şeýle hem bu künjegiň ýol-ulag düzümine degişli desgalary
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Gahryman Arkadagymyz görkezilýän şekil taslamalaryny
synlap, meýilleşdirilen ähli işleriň ýokary hil derejesinde we kesgitlenen
möhletlerde ýerine ýetirilmelidigini aýdyp, bu babatda özüniň degerli
maslahatlaryny berdi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň günorta künjeginde dürli
maksatly desgalar toplumy gurlup ulanmaga berildi. Olaryň şäheriň binagärlik
keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär.
Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz
paýtagtymyzyň gözel ýerinde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň töweregindäki
desgalaryň gurluşygynyň we bezeg işleriniň bu mukaddes künjegiň derejesine
laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini belledi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň
degişli kararnamalary arkaly hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar
edilen ýurdumyzda şanly senäniň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralar
häzirki döwrüň ruhuna we milli toý dessurlaryna kybap derejede
ýaýbaňlandyrylmalydyr.
Milli Liderimiz türkmen ilinde «Gelen — döwlet», «Myhman
ataňdan uly» ýaly paýhasly jümleleriň döredilendigini we Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara BMG-ä agza
ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, wekilçilikli toparlarynyň
gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi. Şunda myhmanlaryň türkmen
halkynyň milli däpleriniň esasynda garşylanylmagyna, olara ýokary derejeli
hyzmatlaryň hödürlenilmegine zerur üns berilmelidir.
Şol bir wagtyň özünde, bu ýerde gül goýmak çäresi bilen
başlanjak dabaralaryň guramaçylyk ýagdaýy halkara derejede ykrar edilen
kadalara laýyk gelmelidir. Gahryman Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip,
Bitaraplyk muzeýinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhyna, BMG-niň Baş
Assambleýasynyň ýörite kararnamalary bilen Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň üç gezek ykrar edilmegine degişli maglumatlara, resminamalara
möhüm orun berilmelidigini aýtdy we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.
Milli Liderimiz bu ýerden şäheriň Bitarap Türkmenistan we
Çandybil şaýollarynyň aýlawly çatrygynyň ýanyna geldi. Häzirki döwürde bu ýerde
döwrebaplaşdyryş işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Bu ýerde
ýaýbaňlandyrylan işler we häzirki döwürde onuň depginlerini ýokarlandyrmak
ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli
künjekleriniň we paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň häzirki
zaman talaplaryna laýyk gelmegi, aýratyn-da, köp zolakly ýollaryň gurluşyklarynyň
ýokary hilli bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şu günler paýtagtymyzyň
Bitaraplyk binasyna barýan şaýoluň aýlawly çatrygynyň çäginde degişli
nyşanlaryň ýerleşdirilmegine, onuň bezeg aýratynlyklaryna we yşyklandyryş
ulgamyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýär.
Gahryman Arkadagymyz aýlawly ýoluň bezeg
aýratynlyklarynyň onuň ähmiýetine laýyk gelmelidigine ünsi çekip, bu ýerde
türkmen Bitaraplygyna degişli nyşanlaryň, BMG-ä agza ýurtlaryň Döwlet
baýdaklarynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet tugunyň we BMG-niň baýdagynyň
oýlanyşykly ýerleşdirilmelidigini aýtdy.
Bu künjegiň taryhy ähmiýeti bolan mukaddes ýere
öwrülýändigini nazara almak bilen, dünýä ýurtlarynyň Döwlet baýdaklarynyň we
Türkmenistanyň hem-de BMG-niň baýdaklarynyň ýerleşdirilmeginiň we beýleki
syýasy gymmatlyklaryň döredilmeginiň bu ýerleriň derejesini we ähmiýetini
belende göterýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp meýdançada Hormat
garawulynyň esgerleriniň nobatçylygynyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly
meseleler boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň durmuşynda syýasy
ähmiýeti bolan halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek we dabaranyň
maksatnamasyny taýýarlamak babatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň
Iş dolandyryjysy R.Bazarowa hem-de Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa degişli
maslahatlary berdi. Taýýarlanylan teklipleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
makullan halatynda degişli taýýarlyk işlerine girişilmelidir.
Şunda ýurdumyzda geçirilýän dabaralara we halkara maslahata
gatnaşýan myhmanlaryň ähli çärelere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine
hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu
işleriň ýokary guramaçylyk derejesini ýola goýmak babatda bilelikdäki
tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şol bir wagtyň özünde, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda
döreden ynsanperwerlik ýörelgelerini, parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary
esasy ugur edinýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň derejesiniň aýdyň nyşany
bolan kaşaň binanyň döwrebaplaşdyrylmagynda häzirki zamanyň ösen
tehnologiýalary ulanylmalydyr. Binanyň reňk sazlaşygynda ýurdumyzyň bitaraplyk
ýörelgeleriniň baş mazmuny we BMG-niň degişli nyşanlary öz beýanyny tapmalydyr.
Soňra Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň çäginde ählihalk
bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýerine geldi. Bu ýerde köpçülikleýin bag
nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümi geçiriler. Şu mynasybetli bu ýerde
ekiljek türkmen arçalarynyň nahallary taýýarlanyldy.
Ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramyny mynasyp derejede guramak
we dabaralary guramaçylykly geçirmek bilen bir hatarda, ählihalk bag ekmek
dabarasynyň talabalaýyk guralmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz her ýylda
geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu çärä şäher ilatynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün
etmek babatda öwüt-nesihatlaryny berdi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamalary bilen
hemişelik Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň ähli
düzümlerinde şanly senäni guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işlerine giň
gerim berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen ähli çäreleriň
ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalar
ýaýbaňlandyrylmalydyr.
Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçiriljek duşuşyklar,
halkara derejedäki maslahatlar we medeni-köpçülikleýin çäreler häzirki döwrüň
ruhuna kybap derejede guralmalydyr. Aýratyn-da, şäheriň ekologiýa derejesine
zerur üns berilmelidir. Saýaly bag nahallary ekilende, milli bagbançylyk
ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr.
Häzirki döwürde paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň
we şäheriň binagärlik keşbini kämilleşdirmegiň çäklerinde alnyp barylýan
işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz
şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň yzygiderli alnyp barylmagynyň
möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy.
Şeýle hem Milli Liderimiz, hemişe bolşy ýaly, baýramçylyk
günlerinde tertip-düzgüniň berk berjaý edilmeginiň, ulaglaryň sazlaşykly
hereketiniň ýola goýulmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp,
bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmelidigine ünsi
çekdi.
Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň taryhy ähmiýeti bolan
mukaddes künjeginde ýaýbaňlandyryljak baýramçylyk dabaralarynda Türkmenistanyň
öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara giňişlikde ykrar edilýändigini aňladýan
wakalaryň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň teklibi boýunça kabul edýän
çözgütleriniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we bu babatda degişli
öwüt-nesihatlaryny berdi.
Milli Liderimiz hemmeleri BMG-niň döredilmeginiň 80
ýyllygy bilen ýene bir gezek gutlady we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň
30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işlerinde
hem-de öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip,
bu ýerden ugrady.