milli goshun logo
Aýdyň ýoluň kämil beýany
Aýdyň ýoluň kämil beýany
5 sagat öň 7 Harby özgertmeler

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň, serkerdeleriň, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň, harby talyplaryň hem-de harby okuwçylaryň gatnaşmagynda geçirildi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilen günlerinde neşir edilen «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň parahatçylyk we ynanyşmak baradaky ählumumy garaýyşlary giňeltmekdäki ähmiýetini, many-mazmunyny wagyz etmäge bagyşlanan tanyşdyrylyş dabarasynda harby gullukçylar çykyş etdiler. Olaryň çykyşlarynda eseriň Watan goragçylary üçin-de parahatçylyk söýüjiligiň we watanperwerligiň belent mekdebidigi barada pikir-garaýyşlar öz beýanyny tapdy.

Söz sözlän harby gullukçylaryň belleýişleri ýaly, täze kitabyň sahypalarynda taryhy pursatlary şöhlelendirýän fotosuratlar, şekillendiriş sungatynyň dürli žanrlary boýunça eserler, sanlara we maglumatlara salgylanýan görkezijiler hem okyjylary özüne çekýär. Kitap tamamlanyp barýan ýylda Watanymyzda ýetilen belent sepgitler, durmuşa geçirilen beýik işler hakda buýsançly söhbet açyp, ildeşlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýokary çaphana usulynda türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilen eser türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerini esasy ugur edinýän Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetine has-da giňişleýin düşünmek üçin ygtybarly gollanmadyr.

Dabaranyň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary çäräniň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy hem-de oňa gatnaşanlarda ýakymly duýgulary döretdi.

Tanyşdyrylyş çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.