Şu gün Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda,
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylaryna hem-de
işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, olara harby we ýörite atlary dakmak,
hünär derejelerini bermek dabarasy geçirildi.
Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip,
Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de
jemgyýetimizde kanunçylygy, hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap
saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite
atlaryň dakylmagy hem-de hünär derejeleriniň berilmegi olaryň Watan öňünde
bitiren hyzmatlaryna ýokary bahadyr.
Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli
halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, üçünji müňýyllygyň öň ýanynda — 34
ýyl mundan ozal Garaşsyzlygymyz bütin dünýä jar edilip, demokratik, hukuk we
dünýewi döwlet gurluşly nusgalyk ýol — Türkmenistanyň özygtyýarly, özbaşdak
hem-de erkin ösüş ugry saýlanyp alyndy. Bu şöhratly döwürde biziň ýurdumyz
özbaşdak, garaşsyz, abadançylykly ösüş syýasatyny durmuşa geçirmek, dünýäniň
syýasy, ykdysady, medeni ösüşine mynasyp goşandyny goşmak bilen, ählumumy
parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän
döwlete öwrüldi. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik,
hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerini döwlet
syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitläp, diňe goranyş häsiýetli Harby
doktrinany durmuşa geçirýär we halkymyzyň parahat, abadan durmuşynyň kepili
bolan Milli goşunymyzyň ýokary goranyş ukybyny üpjün edýär. Harby gullukçylara
döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy hem olaryň öňünde goýlan wezipeleriň
üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Şeýle-de Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny,
özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk
bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini,
kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny
göreldeli ýerine ýetirendikleri, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary
üçin Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň
we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy.
Berkarar Watanymyza, halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk
edendiklerini, çeken göreldeli zähmetini, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren
aýratyn hyzmatlaryny, döwlet, jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünliklerini
nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy
mynasybetli berlen ýokary döwlet sylaglaryny uly buýsanç bilen kabul eden harby
gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri mundan beýläk-de gulluk
borçlaryny birkemsiz berjaý etjekdikleri barada harby kasamy kabul etdiler.
Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleri Garaşsyz türkmen döwletiniň sarsmaz daýanjyna öwrüldi. Häzirki wagtda
Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň,
olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meseleleri
döwletimiziň üns merkezinde saklanylýar. Ykbalyny Watan goragy bilen baglan
harby gullukçylar sylaglaryny kabul edip, Watana ebedi wepalylygyň, türkmen
halkynyň parahat durmuşynyň goragynda sarsmaz gala bolup durmaga taýýarlygyň
nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym etdiler. Harby gullukçylar
türkmen halkyna mahsus bolan watansöýüjilik, wepadarlyk ýaly asylly ýörelgeleri
dowam etdirjekdiklerini nygtap, ýokary döwlet sylaglary üçin ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna, Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk
bildirdiler.
Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy babatda ählumumy tagallalara mynasyp goşant goşýar. Şunda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berkidilmegine, döwletimiziň çäk bitewüliginiň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Watan goragçylarynyň Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýandyklaryny subut edýär.