milli goshun logo
Wepaly – «Ýylyň türkmen edermen alabaýy»
Wepaly – «Ýylyň türkmen edermen alabaýy»
15 sagat öň 11 Harby özgertmeler

Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çäreleriň çäklerinde Aşgabat atçylyk sport toplumynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmen alabaýlarynyň çekeleşikli hem gyzykly görnüşde geçen halkara gözden geçirilişinde Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli Wepaly atly naýbaşy tohum alabaýynyň ýeňiji bolmagy Watan goragçylarynyň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy.

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşikde ýeňiji bolan, Wepaly atly alabaýyň kemal tapan ýeri – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Türkmen alabaýy» merkeziniň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan itşynasy uly leýtanant Orazmyrat Saparow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

— Dana halkymyz «It geldi — gut geldi», «Itim – gutum» diýip, wepaly alabaýyny bagtyna, yranmaz döwletine deňäpdir. Şonuň üçin hem halkymyzyň milli tejribesinde alabaýlary idetmegiň özboluşly usuly bize miras galypdyr. Şonuň netijesinde, türkmen itşynaslyk sungatynyň ajaýyp miwesi bolan alabaýlarymyz dünýädäki tohum itleriň arasynda iň gadymy, synalary ýerbe-ýer hem-de häsiýeti boýunça ynsana mährem, agrasdan mylakatly, edermen tohum ite öwrülipdir.

Gahryman Arkadagymyzyň«Türkmen alabaýy» atly kitabynda belleýşi ýaly, alabaýlar çagalygyň iň wepaly dosty. Mende hem türkmen alabaýlaryny idetmäge, saklamaga höwes çagalygymdan döredi. Agam Döwlet, inim Kuwwat, oglum Rejepguly hem itşynaslyga, türkmen alabaýlaryny idetmäge aýratyn gyzyklanýar. Neberämizde öz döwrüniň atly-abraýly, edermen, eýesine ençeme kynçylyklarda kömek eden wepaly alabaýlary ýetişdiren itşynaslar bolupdyr. Harby gullukçy bolmak bilen itşynaslyga bolan söýgim has-da sazlaşdy. «Işleseň, il tanar», «Hünär eýesini eziz eder» diýýär halkymyz. Geçen ýylda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ada mynasyp bolmagymy asylly hünärimize belent sarpa hökmünde kabul etdim. Indi birnäçe ýyldan bäri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Türkmen alabaýy» merkezinde naýbaşy tohum alabaýlaryny yhlas bilen ýetişdirýäris. Olar Ýaragly Güýçlerimiziňň harby bölümlerinde, birliklerinde gulluk maksatly peýdalanylýar, ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarymyza gatnaşdyrylýar, her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişiň bezegine öwrülýär.

Türkmen alabaýlarynyň wepalylygy, üşükliligi, edermenligi, çydamlylygy harby gulluk maksatly işlerde hem örän netijeli ýardam berýär. Türkmen alabaýy – merdana Watan goragçysynyň wepaly ýoldaşy. Edil beýleki harby we hukuk goraýjy edaralarda hem-de welaýat merkezlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Türkmen alabaýy» merkezinde-de alabaýlarymyzy talabalaýyk idetmek, olary dürli ýaryşlara mynasyp derejede taýýarlamak üçin ähli şertler döredilendir.

Garagöz hem Sarygül diýen alabaýlaryň nesli bolan, 2021-nji ýylda doglan Wepaly atly alabaýyň şu abraýly bäsleşikde ýeňiji bolmagy yhlasymyzy myradyna gowşurdy. Alabaýlary idetmek we olary bäsleşiklere taýýarlamak irginsiz zähmeti, sabyrlylygy talap edýän hysyrdyly iş. Munuň özi idedilýän alabaýyň ýaly, suwy berlende-de, ony ir säher ýa-da giç agşam gezime çykaranda-da, halanylýan häsiýetler bilen birlikde eýesiniň berýän tabşyryklaryny kemçiliksiz ýerine ýetirmek endikleri öwredilende-de dykgatly bolmalydygyny, her bir hereketiňi edebe ýugrulan mähir bilen ýerine ýetirmelidigini aňladýar.

Bu ýyl Türkmen alabaýynyň baýramynda Wepaly diýen alabaýymyz bilen bäsleşikde ýeňiji bolmagym ýeneki ýyllarda-da şeýle edermen hem wepaly alabaýlary ösdürip ýetişdirmek üçin arman-ýadaman zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Ajaýyp toý gününde ýetişdiren alabaýymyzyň hormatly Prezidentimiziň baş baýragyna – «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulaga, «Ýylyň edermen türkmen alabaýy» atly göçme kubaga, ýörite medala, diploma mynasyp bolandygymyza buýsanjymyzyň çägi ýok. Munuň üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza, Milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletli tutumlarynda mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin. Geljekde-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny artdyrmaga, Watan goragy ugrundaky asylly gullugy birkemsiz alyp barmaga mynasyp goşant goşjakdygymyza ynandyrýaryn.