Asylly däbe görä, baş baýramymyz — Türkmenistanyň
Garaşsyzlyk güni mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberi toplumynyň öňündäki
meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde Milli goşunymyzyň harby gullukçylary
hatara düzüldiler. Olaryň arasynda ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň
harby talyplary, harby okuwçylar hem bar.
Sagat — 10:00. Dabaraly pursat ýetip geldi. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow münberiň syn ediş ýerine barýar. Harby we
hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde harby
sazlar ýaňlanýar. Ýygnananlar uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy
mübärekleýärler. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk çäresi dabaraly harby ýöriş bilen
badalga alýar. Onuň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň abadan,
parahat durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň
goragynda duran merdana harby gullukçylaryň ýokary hünär ussatlygy,
ukyp-başarnyklary görkezilýär.
Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary
B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, Watanymyzyň
Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe başlamaga
rugsat bermegini haýyş edýär. Döwlet Baştutanymyz dabara başlamaga rugsat
berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk
derejesine esaslanýan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna
laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk
goraýjy edaralary iň täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň
gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek, işgärleriň hünär
kämilligini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da merdana harby gullukçylar
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda gulluk edip, Harby doktrinada
kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. Olar Watanymyzy goramak
boýunça öz borçlaryny ähli zatdan ileri tutup, ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň
polat galkany, synmaz daýanjy bolup gulluk edýärler. Mukaddes serhetlerimizde
parahatçylygy we howpsuzlygy gorap, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly
ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler.
Dаbаrаly hаrby ýörişiň sеrkеrdеsi polkownik R.Aýazow
goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişe taýýardygy
barada hasabat berýär. B.Gündogdyýew hasabaty kabul edip, awtoulagda goşun
bölümleriniň öňünden geçip, dabaraly harby ýörişiň düzüm bölümleriniň
esgerlerini mübärekleýär.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Baýdak
sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyrylýar. Döwlet baýdagy
Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy, şöhratly geçmişimizi, ösüşlere beslenýän
döwrümizi hem-de beýik geljegimizi alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Mukaddes
tugumyz türkmen döwletliliginiň mizemez esaslaryny özünde jemläp, halkymyzyň
bitewüliginiň, jebisliginiň, parahatçylyk döredijilik, ynsanperwerlik
taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolup parlaýar.
Meýdançada nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby
talyplar Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk baradaky
mukaddes kasamy aýdýarlar. Milli goşunymyzyň harby gullukçylary
ata-babalarymyzyň watançylyk däplerini mynasyp dowam etdirip, mukaddes borja
wepalydyklaryny iş ýüzünde tassyklaýarlar. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk ýörişini
baýdak göterijiler topary açýar. Olar dabaraly ýörişiň owazy astynda
Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun
görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny göterip, münberiň öňünden ynamly gadamlar
bilen geçýärler.
Soňra münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň
harby okuwçylary sazlaşykly gadam urup geçýärler. Ýurdumyzyň ýaş harby
gullukçylary, goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzümi häzirki ýaşlar üçin
hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyzmat edýän gaýduwsyz esger, döwlet
Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk işlerinden mertlik
göreldesini alýarlar.
Soňra münberiň öňünden zenan harby gullukçylar batly
gadam urup geçdiler. Olar öz ykbalyny ata Watanyň, ene topragyň goragy bilen
berk baglanyşdyryp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Watanymyza,
halkymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk edýärler. Olaryň yzysüre
Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda gulluk edýän serkerdeler batalýony — harby we
raýatlyk borjuny abraý bilen ýerine ýetirýän söweşjeň taýýarlygyň ussatlary
geçýärler.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda bitewi harby bilim
ulgamy döredildi. Onuň esasy wezipesi häzirki zaman tehnikalarynydyr
enjamlaryny dolandyrmagyň başarnyklaryny ele alýan serkerdeleriň ýaş neslini
kemala getirmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby
institutynyň, Harby-deňiz institutynyň alyp barýan işleri hem öňde goýlan şol
maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu harby ýokary okuw mekdepleriniň
talyplary-da meýdançadan nyzamly ädimler bilen geçýärler.
Motoatyjylar batalýonynyň esgerleri-de ajaýyp taýýarlygyň
we ýokary ussatlygyň nusgasyny görkezmek bilen, Watanymyzyň parahatçylygynyň,
abadançylygynyň üpjün edilmegine uly goşant goşýarlar. Olaryň yzy bilen
ýurdumyzyň Harby-howa güýçleriniň uçarmanlary dabaraly harby ýörişi dowam
etdirýärler. Türkmen uçarmanlary Watanymyzyň asuda asmanyny ygtybarly
goraýarlar. Soňra meýdançadan tankçylar batalýony geçýär. Olar häzirki zamanyň
kuwwatly tanklaryny dolandyrmaga ussatlarça erk edýärler. Artilleriýa we asmana
atyjylar diwizionlarynyň harby gullukçylary, deňiz-pyýada batalýony hem şu
gezekki gözden geçirilişe gatnaşdy. Olar nyzamly ädimler bilen mertligiň,
başarjaňlygyň, ýokary hünär ussatlygynyň belent nusgasyny görkezýärler.
Dabaraly harby ýöriş Türkmenistanyň Goranmak, Içeri işler
we Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet serhet
gullugynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly batalýonlarynyň hatary bilen dowam
edýär. Bu bölümiň harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy söweşjeň, nazary
we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden, batyrlykdan, aýgytlylykdan
ybaratdyr. Olaryň nyzamly hatary, ynamly ädimleri, ýokary söweşjeň ruhy Watan
goragynyň ynamly gollardadygyny aýdyň görkezýär.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atly
bölümleriniň baýramçylyk ýörişi dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi. Türkmen
halkynyň buýsanjy hem şöhraty bolan, ady rowaýata öwrülen ganatly bedewler täze
taryhy döwürde döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe ymtylyşyň
aýdyň nyşany bolup durýar. Köp asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleri gaýduwsyz
ýigitlerimiziň wepaly ýoldaşy, baýramçylyklarda olaryň ýakyn dostlary bolupdyr.
Gadym döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da behişdi bedewler Watan
goragçylarynyň, hukuk tertibiniň goragynda duranlaryň ygtybarly kömekçileridir.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralaryna gelip gowşan häzirki zaman harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi
Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukybynyň ýokary derejesini, söweşjeň taýýarlygyny
görkezýär. Döwlet münberiniň meýdançasynda gurnalan ýörite ekran arkaly çärä
gatnaşyjylar göni ýaýlymda Hazar deňzinde geçirilýän deňiz flotunyň baýramçylyk
ýörişine tomaşa etdiler.
Harby-deňiz güýçlerine gelip gowşan, iň kämil ýaraglar
bilen enjamlaşdyrylan «Deňiz han» korwet söweşjeň gämisi baýramçylyk gözden
geçirilişini açýar. Bu kuwwatly gämi deňziň üstündäki we astyndaky, howadaky
hem-de gury ýerdäki nyşanalary ýok etmäge ukyplydyr. Onuň yzy bilen «Edermen»,
«Gaýratly» raketa gämileri dabaraly ýüzüşi dowam edýär. Olar ýurdumyzyň deňiz
serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün edýär.
Soňra gezek Milli goşunymyzyň düzüminde duran döwrebap
harby tehnikalara ýetýär. Meýdançadan dürli kysymly goşunlaryň mehanizirlenen
hatary geçip başlaýar.
Şu gün görkezilen kämil harby howa tehnikalarynyň
hatarynda islendik howa şertlerinde, dürli belentliklerde, guryýer ýa-da deňiz
çäklerinde, daglyk ýerlerde uçmaga ukyply uçarlar-da bar. Harby-howa
güýçleriniň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli zerur enjamlar
bilen enjamlaşdyrylan bu tehnikalar howa giňişliklerini goramaga, aňtaw
işlerini alyp barmaga, guryýer goşunlarynyň söweşjeň hereketlerini goldamaga
niýetlenendir.
Dabaraly harby ýörişde görkezilen döwrebap ýerüsti, deňiz
we howa tehnikalary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly
Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan
beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine uly üns berilýändigini nobatdaky gezek
subut edýär.
Soňra Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary düzülýärler. Her ýylda geçirilýän dabaraly harby ýörişde bu batalýonyň şahsy düzümi ýokary nyzam emelleri bilen ajaýyp şekilleri döredýärler. Olar şu ýyl hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe baýramçylyk sowgady bilen geldiler. Meýdançada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynyň hem-de Garaşsyzlyk binasynyň şekilleri emele getirilýär. Soňra meýdançada dabaraly harby ýörişiň ýöriş sazlaryny ýerine ýetiren harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestri peýda bolýar. Olaryň ýerine ýetirýän sazlarydyr mukamlary Milli goşunymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Ýurdumyzyň şanly baýramy mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan Birleşen harby orkestriň joşgunly çykyşy harby ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy. Olaryň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusyna döredilen aýdym dabaraly harby ýörişiň jemlenmesine öwrüldi.