Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri
öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
...Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzdan ugur alan
uçary birnäçe wagtdan Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy.
Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar. Bu ýerde
medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz dabaranyň geçirilýän ýerine
bardy. Hormatly Prezidentimiz dabara mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlara
tomaşa edenden soňra, ýörite gurnalan mejlisler zalyna bardy hem-de bu ýerde
gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Türkmenabat
şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän
toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşyjylary bu şatlykly waka bilen tüýs
ýürekden gutlap, himiýa senagatynyň ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri
bolup durýandygyny belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda
mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň taslamasyny Koreýa Respublikasynyň
«Daewoo» kompaniýasy ýerine ýetirer. Düýbi tutulýan bu toplumyň gurluşygynda
ekologik talaplary berjaý etmäge mümkinçilik döretjek innowasion tehnologiýaly
enjamlar we serişdeler ulanylar. Täze toplum ýurdumyzyň oba hojalyk önüm
öndürijilerini we içerki sarp edijileri ýokary hilli fosforly dökünler bilen
ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Garaşsyz döwletimizde azyk
howpsuzlygyny berkitmäge hem-de daşary ýurtlardan getirilýän fosforly dökünleri
özümizde öndürmäge şert döreder.
Toplumda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna
ammoniý sulfaty öndüriler. Ol ulanmaga berlenden soň, ýurdumyzyň himiýa
senagatynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Döwrebap himiýa
kärhanasynyň işe girizilmegi bilen, goşmaça iş orunlary dörediler. Onda zähmet
çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde
taýýarlanyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler üpjün ediler.
Ýurdumyzyň himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek
boýunça netijeli işler alnyp barylýar, ýagny Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy
etrabynda karbamid öndürýän toplumy, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň
ikinji tapgyryny, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri
öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni
dowam etdi we şeýle iri taslamalaryň amala aşyrylmagynyň himiýa senagatyny
ösdürmäge uly üns berilýändigine şaýatlyk edýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen
bir hatarda, Lebap welaýatyny hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge möhüm
ähmiýet berilýändigini, bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalarynyň, medeni-durmuş
maksatly binalaryň we desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini
aýtdy. Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň
Mary — Türkmenabat böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Türkmenabat şäherinde bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy dowam edýär diýip,
hormatly Prezidentimiz belledi hem-de geljekde-de ýurdumyzyň sebitlerini
toplumlaýyn ösdürmek, täze, döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça
maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigini tassyklady.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar
bilen garşylanyldy. Soňra ekranda superfosfat we ammoniý sulfatyny öndürýän
toplum bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.
Soňra çykyş etmek üçin Koreýa Respublikasynyň «Daewoo
Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy
Jong Won-juwa söz berildi. Ol, ilki bilen, bu möhüm taslamanyň ýolbaşçylyk
edýän kompaniýasyna ynanylandygy üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman
Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki dabaranyň diňe bir
zawodyň düýbüniň tutulmagy bolman, eýsem, Türkmenistanda abadançylygy, durnukly
ösüşi üpjün etmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýandygyny belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň wekilleriniň haýyşy
boýunça täze desganyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazga gol çekdi
hem-de ol ýörite gutujyga salyndy. Ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujyk
ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze toplumyň binýadyna atyldy. Hormatly
Prezidentimiz toplumyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atýar we halkymyzyň
asylly däbine eýerip, bu başlangyja ak pata berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara
gatnaşyjylar hem desganyň düýbüne beton garyndysyny atdylar. Soňra hormatly
Prezidentimiziň adyndan çagalara sowgatlar gowşuryldy. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz
hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.