Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda
ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň
gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy
maslahat öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän bu forum agzalan ulgamlarda
ýurdumyzyň gazananlary bilen tanyşmaga, lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny
saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän möhüm ähmiýetli
çäreleriň biridir.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim
ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de
Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan ýöriteleşdirilen serginiň
açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Türkmenistandaky
diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
ýolbaşçylarydyr wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri,
hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Soňra dabaranyň köp sanly myhmanlary halkara sergide
ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar bilen tanyşdylar. Her ýyl geçirilýän bu foruma
gatnaşýan ýurtlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şu gezekki çärä dünýäniň 40
döwletinden alymlardyr lukmanlaryň, hünärmenleriň 120-ä golaýy, şeýle-de
lukmançylyk enjamlaryny, sport, ylym-bilim ulgamlaryna degişli tehnologiýalary
öndürýän hem-de hyzmatlary hödürleýän öňdebaryjy kompaniýalardan 180-den gowrak
wekil gatnaşýar.
Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan
üstünliklerine bagyşlanan pawilýonda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň milli
we halkara derejede durmuşa geçirýän asylly işleri uly ekranlarda
wideoşekilleriň üsti bilen beýan edilýär.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrliginiň sergi diwarlygynda ýurdumyzda öndürilýän dermanlaryň we
lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşleri görkezilýär.
Diýarymyzyň dürli sebitlerindäki şypahanalaryň we saglygy
dikeldiş merkezleriniň diwarlyklary serginiň aýratyn bölümini emele getirýär.
Häzirki günde olaryň her biri saglygy dikeltmek üçin döwrebap merkez bolup,
enjamlaşdyrylyşy, hödürleýän hyzmatlary babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýär.
Mineral suwlaryň, bejeriş häsiýetli palçyklaryň baý gorlaryna eýe bolan
ýurdumyzyň şypahanalary ýylyň ähli paslynda halkymyza ýokary hilli
bejeriş-dikeldiş hyzmatlaryny hödürleýärler. «Saglyk», «Gumry», «Zenjebil», «Çöl
oty» hojalyk jemgyýetleri, «Myratly Gadam», «Ak hümmet», «Çebşek», «Yşgyn», «Tebip»,
«Sabur», «Ýandak» hususy kärhanalary sergä gelýänleri bu babatda öz hödürleýän
hyzmatlary bilen tanyşdyrýarlar.
Halkara foruma ýurdumyzyň ozaldan gelýän daşary ýurtly
hyzmatdaşlarynyň we milli saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän iri
taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň işjeň
gatnaşýandygyny bellemek gerek.
Umuman, bu gezekki halkara sergi diňe bir ýurdumyzyň
saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitlerini giňişleýin açyp görkezmek bilen
çäklenmän, eýsem, dünýä lukmançylygynyň iň soňky gazananlary bilen tanyşmak
üçin hem amatly mümkinçilikdir. Ol işewürler üçin täze başlangyçlary
ilerletmek, lukmançylyk işgärleri üçin tejribe alyşmak babatda amatly
meýdançadyr. Şeýle hem bu ýerde dürli ýurtlardan gelen ökde hünärmenlerden
saglyk maslahatlaryny alyp bolýar.
Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we
derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, zähmetde tapawutlanan saglygy
goraýyş işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet sylaglaryna eýe
bolanlar netijeli zähmet çekmekleri üçin döredýän şertleri üçin Gahryman
Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan
etdiler.
...Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly
Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli
ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen
sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Dabara Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, beýleki
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar
gatnaşdylar.
Nobatdaky jilt Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy
ensiklopediýasynyň üstüni ýetirmek bilen, Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň
keselleri bejermekdäki gymmatly tebigy gorlary boýunça maglumatlary okyjylara
ýetirýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi,
ozalkylarda bolşy ýaly, «Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy» hem-de «Maglumatnama»
diýen iki bölümden ybaratdyr. Kitabyň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna
hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar
berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Saglygy goraýyşda
ýetilen sepgitler» atly kitaby ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty
ulgamynda durmuşa geçirilen ägirt uly işleri anyk delilleriň, statistiki
maglumatlaryň üsti bilen täsirli beýan edýän 22 sany bölümden ybaratdyr. Täze
kitap «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglygy goraýyş ulgamynyň guramaçylygy we
dolandyrylyşy» atly bölümler bilen açylýar. Onda täze döwrümiziň döredijilik
kuwwatynyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň lukmançylyk desgalaryna aýratyn bölüm
bagyşlanypdyr. «Keselleriň öňüni almak — sagdyn durmuşyň esasy», «Sanitariýa-epidemiologiýa
abadançylygyny üpjün etmek», «Döwrebap bejeriş-öňüni alyş usullary», «Ýokanç
däl keselleriň öňüni almak» atly bölümlerde öňüni alyş çäreleriniň oňyn
netijeleri barada giňişleýin maglumat berilýär. «Saglygy goraýyş ulgamynyň
kämil maddy-tehniki binýady», «Saglygy goraýşyň maliýe üpjünçiligi» atly
bölümlerde ulgamy özgertmek boýunça durmuşa geçirilen işler öz beýanyny tapýar.
«Sagdyn ene — sagdyn nesil» atly bölümde eneleriň we çagalaryň saglygyny
goramak babatda alnyp barlan işler, «Hassahana bejergisi» atly bölümde bolsa
döwrebap enjamlaryň adamyň saglygyny goramakdaky ähmiýeti barada söhbet
edilýär.
Täze kitapda milli saglygy goraýyş ulgamynyň
kardiologiýa, pulmonologiýa, onkologiýa, endokrinologiýa gulluklarynyň ösüşine
aýratyn bölümler bagyşlanypdyr. «Derman senagatynda ösüşler», «Ilatyň derman
serişdeleri bilen üpjünçiligi» atly bölümlerde degişli ugurda Garaşsyzlyk
ýyllarynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär. «Melhemli şypahanalar» atly
bölümde ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň mümkinçilikleri barada durlup geçilýär.
Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesiniň hem-de ulgamyň kanunçylyk
binýadynyň kämilleşdirilişine-de ýörite bölümler bagyşlanypdyr. «Saglygy
goraýyşda sanly ulgam» atly bölümde bolsa sanly lukmançylygy ösdürmek boýunça
ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilýär. Täze eser «Saglygy goramak döwletiň
baş wezipesidir» atly bölüm bilen jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň eseri
türkmen, iňlis we rus dillerinde giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär.
Tanyşdyrylyş dabaralaryndan soňra, Söwda-senagat
edarasynyň maslahatlar zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly ylmy maslahatyň plenar mejlisi
geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň birnäçesinden görnükli alym-professorlar,
ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň wekilleri
gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda dürli ýurtlaryň lukmançylyk
edaralarynda saglygy goraýşyň aýry-aýry ugurlary boýunça alnyp barylýan işler
bilen tanyşdyryldy hem-de bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada
pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy hünärmenleri
bilen yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hem-de tejribe alşylmagy
adamlaryň saglygyny goramakdaky ählumumy wezipeleriň çözgüdine goşulýan umumy
goşantdyr.
Ylmy maslahatyň ikinji we üçünji güni lukmançylyk, bilim,
ylym we sport ulgamlarynyň 20 ugry boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde
hem-de saglygy goraýyş edaralarynda geçiriljek bölümçelerde dowam eder. Mundan
başga-da, halkara forumyň geçirilýän günlerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş we
derman senagaty ulgamyna degişli düzümlerde Türki dilli ýurtlaryň
kardiologlarynyň XI kongresi; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara
kongresi; «2030-njy ýyla çenli ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesini
ýeňeris» atly forum; Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara
maslahaty geçiriler.
Forumyň çäklerinde utgaşykly görnüşde Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen B.B.Gorodowikow adyndaky
Kalmyk döwlet uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda özara
hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit
we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň (Gruziýa)
arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen Norwiç dil bilimi
institutynyň (Birleşen Patyşalyk) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen
Hanoý ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň (Wýetnam) arasynda özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
(Türkmenistan) bilen Perm döwlet milli barlag uniwersitetiniň (Russiýa
Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Magtymguly
adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Ankara sosial
bilimler uniwersitetiniň (Türkiýe Respublikasy) arasynda özara düşünişmek
hakynda Ähtnama; Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen
Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan peýdalanmak boýunça milli uniwersitetiniň
arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň
Saglygy goraýyş ministrliginiň Ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim beriş
edarasynyň «Kazan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň» arasynda hyzmatdaşlyk
etmek hakynda Ylalaşyga; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
(Türkmenistan) bilen Westminster uniwersitetiniň (Birleşen Patyşalyk) arasynda
özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen Martin Lýuter adyndaky
Galle-Witenberg uniwersitetiniň filosofiýa III — pedagogika ylmy fakultetiniň
(Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda akademiki we medeni hyzmatdaşlyk
baradaky Ylalaşyga; Türkmen döwlet maliýe instituty bilen Azerbaýjan Döwlet
ykdysady uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen
döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Azerbaýjan Döwlet ykdysady
uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy
boldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman
senagaty ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA)
Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikdäki 2025-nji ýyl üçin iş
meýilnamasyna, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň
Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek
babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde 2026 — 2028-nji ýyllar
üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almak barada Ylalaşyga gol
çekildi.